«Ak altynly» kerwen geldi

16 Sentýabr 2023
546

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Daşoguz welaýatynda hem pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat boýunça gowaça ekilen 140 müň gektar meýdandan 275 müň tonna «ak altyn» öndürmek göz öňünde tutulýar. Möhüm möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginde etrap-şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleriniň, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda usuly maslahat geçirildi.

Şu ýyl welaýatda ýetişdirilen hasylyň uly bölegini ýygnap almak üçin «John Deere» kombaýnlarynyň 205-si hem-de ýörite tirkegli kombaýnlar işlediler. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin tertipde bökdençsiz kabul ediler. Möwsümiň öň ýanynda olaryň ählisinde abatlaýyş işleri geçirildi. Bar bolan tereziler, pagtanyň çyglylygyny, hilini barlaýjy gurallar tehniki gözegçilikden geçirildi. Kärhanalarda we harmanhanalarda ýangyn howpunyň öňüni almak babatda degişli çäreler görüldi. Hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin tehniki gözegçilikden geçen, ýörite örtükleri bolan ýük awtoulaglarynyň 1 müň 600-den gowragy ulanylar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.