Ak hanalar bezeg berýär eýýama

15 Sentýabr 2023
740

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berildi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 31-nji awgustynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pagta ýygymy möwsümine Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda girişmäge ak pata berdi hem-de bu haýyrly işe başlap bermegi il sylagly ýaşululardan haýyş etdi. Şu mynasybetli, welaýatymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalary, zähmetsöýer babadaýhanlary möhüm taýýarlyk işlerini geçirdiler.