Tanymal işewür Aşgabatda telekeçiler bilen duşuşyk geçirdi

30 Iýun 2023
977

Düýn — 29-njy iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen tanymal işewür Saidmurod Dawlatow bilen türkmen telekeçileriniň arasynda telekeçilik barada pikir alyşma duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzda dürli ugurlarda iş alyp barýan işewürleriň we ýaş telekeçileriň ýüzlerçesi gatnaşdy.

Duşuşykda işewürlik durmuşynda öz-özüňi kämilleşdirmegiň, degişli ugurdaky hünärmenler bilen maslahatlaşmagyň, dogry pikirlenmegiň we dogry çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Meşhur telekeçi bu ugurdaky maslahatlaryny öz işewürlik ýolunda ýüzbe-ýüz bolan we dünýä tejribesinde duş gelýän mysallaryň üsti bilen esaslandyrdy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».