Telekeçilik işiniň hukuk kepillikleri

22 Iýun 2023
955

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçilik işini, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrmak, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, telekeçilik işi döwlet tarapyndan höweslendirilýär, goldanylýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 47-nji maddasynda her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga bolan hukugy berkidilýär. Esasy Kanunymyzyň 48-nji maddasynda bolsa hususy eýeçilik hukugynyň kanun bilen goralýandygy görkezilýär. Konstitusiýamyzyň 12-nji maddasy döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi baradaky kadalar bilen utgaşýar. Bulardan başga-da, telekeçilik işiniň konstitusion esaslaryna Esasy Kanunymyzyň 49-njy maddasynda her bir adamyň zähmet, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, 56-njy maddasynda ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukuklary, 57-nji maddasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we hukuklaryny berjaý etmäge, 59-njy maddasynda her bir adamyň kanunda bellenilen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga bolan borçlary kesgitlenilendir.

Süleýman GURBANÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.