Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde tebigatyň gözelliklerini goramak, bag nahallaryny oturtmak asylly ýörelgelere öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda hem tebigaty öwreniji alymlar bu ugurda asylly işlerini alyp barýarlar. Hut şunuň netijesinde daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler ylmy esaslara daýanýar. Tebigaty goramak işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy ekologiýa abadançylygyna, ynsan saglygyna, adamlaryň dynç alşyna oňat ýardam edýär.