«Misgär» hojalyk jemgyýeti 23 ýaşady

18 Iýun 2023
873

Eziz Diýarymyzda hususyýetçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli işleri alyp baryp, önümçilik depginlerini barha artdyrýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz hususy telekeçileriň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürýän önümçilikleriň sanyny barha artdyrmak, öndürilýän harytlaryň depginini hem-de türkmen önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak şolaryň esasylarydyr. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Senagat zolagynda ýerleşýän «Misgär» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işlerinde-de şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi aýdyň görünýär.

 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Misgär» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda konditer önümçiligini ýola goýan kärhanadyr. Bu kärhana indi ýigrimi üç ýyl bäri, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşup gelýär. Kärhana döwletimiz tarapyndan 2 gektar ýer bölegi berildi. Şol ýerde döwrebap kärhana bina edildi. Bu ýerde işgärler üçin ýokary derejede iş şertleri döredilip, edara ediş binasynyň, çig mal saklanýan ammaryň, barlaghananyň, önümçiligiň, hyzmat ediş nokadynyň bir ýerde jemlenmegi işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby.