Kadaly ideg edilýär

31 Maý 2023
231

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmek, ony iň bir girdejili pudaga öwürmek üçin uly işler alnyp barylýar. Munuň özi toprakdan bereketli hasyl almaga, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz bazarlarymyzy özümizde ýetişdirilen miwe, bakja we gök önümler bilen üpjün etmegi esasy wezipe edip goýýar. Edermen babadaýhanlar bereketli topragymyza gözleriniň göreji deýin garap, bol hasyl almak ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Olar päk zähmeti bilen pagta, bugdaý we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirip, Watanymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».