Göwnejaý bejergi — bol hasyl

31 Maý 2023
526

Häzirki günlerde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde gowaça bejergisi ýokary depginde dowam edýär. Pagtanyň bereketli hasylyny kemala getirmekde her bir çäräniň öz wagtynda hem-de oňat hilli geçirilmeginiň ähmiýetine oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar ähli gujur-gaýratlaryny şu ugra gönükdirýärler. Şonuň netijesinde talabalaýyk ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, goşmaça iýmitlendirmek işleri geçirilen meýdanlardaky gowaçalar göwnejaý ösüşe eýe bolýar.

Şeýle möhüm çäreleri alyp barmakda Şabat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň hem öndürijilikli zähmet çekýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar şu ýyl 400 gektar meýdanda gowaça ekişini berjaý edip, onuň kadaly gögerişini gazanypdyrlar. Munuň özi şol ýerlerde geçen ýylyň pagta hasyly doly ýygnalyp alnanyndan bäri sürüm, tekizleme, suw tutmak işleriniň bellenilen möhletlerde, görkezmelere laýyk ýerine ýetirilmeginiň netijesinde üpjün edilipdir.

Ýörite habarçymyz.