Taýýarlyk ýokary derejede

30 Maý 2023
395

Babadaýhan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir zähmet topary däneçilik pudagynda möhüm, jogapkärli möwsüm bolan galla oragyna ykjam taýýarlykly gelýärler. Etrabyň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň hasyly üçin 30 müň gektar meýdanda ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda bökdençsiz ýygnamagy belent maksat edinýärler.

— Bosagada duran galla oragy üçin kärhanamyz boýunça kuwwatly kombaýnlaryň 82-sini möwsüme taýýar edip goýduk. Şolaryň 31-si «John Deere», 51-si bolsa «CLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlardyr. Orak möwsüminde işlediljek kombaýnlara mehanizatorlaryň 164-si gije-gündiziň dowamynda iki çalşykda erk eder. Kombaýnlara hyzmat işleriniň iş üstünde gurnalmagy bolsa, olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün eder — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Juma Ataýew gürrüň berýär.