Galla oragy bosagada

30 Maý 2023
340

Sarahs etrabynyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 22 müň 900 gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bosagada duran jogapkärli orak möwsümine taýýarlykly gelýärler. Gallaçy babadaýhanlaryň irginsiz zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň çalt we ýitgisiz ýygnalmagyny, kabul ediş nokatlaryna daşalmagyny üpjün etmekde tehnikalaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýygnalan hasyly däne kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamak üçin tehnikalaryň 325-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Kombaýnlaryň onlarçasy ýokary öndürijilikli, bökdençsiz işlediler.

Däne ekilen meýdanlary orak möwsümine taýýarlamagyň, işiň gyzgalaňly gidýän döwründe hasylyň ýangyndan goralmagyny üpjün etmegiň, munuň üçin ýangyna garşy göreş çäreleriniň ýola goýulmagyny gazanmagyň zerurdygyna oňat düşünýän etrabyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleridir degişli hünärmenleri utgaşykly işleri alyp bararlar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
öz habarçymyz.