Käşir

30 Maý 2023
372

«Sary agam içerde, gökje goly daşarda», «Ýer astynda altyn gazyk» ýaly matallaryň jogabyny körpeje jigilerimiz bilýän bolsalar gerek. Elbetde, ol käşir. Ýöne çagalary mataldaky «sary agamyzyň» has irki wagtlarda goýy gyzyl reňkde bolandygy geň galdyrsa gerek. Özem ir döwürler «ýer astyndaky altyn gazyk» ajylygy we gatylygy üçin iýmäge ýaramsyz eken. Ony diňe hoşboý ysly tohumy we baldagy üçin ekipdirler. Bize mälim bolan häzirki narynç reňkli datly käşirler seçgiçileriň geçiren synanyşyklaryndan soň on ýedinji asyrda peýda bolupdyr. Häzirki wagtda Antarktidadan başga ähli ýerde käşiriň dürli reňkdäki we dürli şekildäki görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

Bütin dünýäde giňden ýaýran önümiň watany Owganystandyr. Alymlar Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan tapylan käşir tohumynyň üstünden 10 müň ýylyň geçendigini tassyklaýarlar. Gadym wagtlarda ol dermanlyk häsiýeti bilen meşhur eken.

Oguljemal JUMAŞOWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň müdiri.