Oba ho­ja­ly­gyn­da mö­hüm öz­gert­me­ler

28 Maý 2023
519

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­ly­gyn­da mö­hüm öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le mö­hüm öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň baý te­bi­gy şert­le­ri­niň we ýer-suw baý­lyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li ula­nyl­ýan­dy­gy­ny, daý­han­la­ra giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de türk­men daý­han­la­ry­na ha­lal zäh­met çek­mä­ge, top­rak­dan bol ha­syl ön­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler bar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len oba ho­ja­ly­gy iň kä­mil teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Bu gün­ki gün­de bug­daý­ly meý­dan­la­ra göz aý­la­nyň­da hem, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni syn­la­nyň­da hem buý­san­jyň go­şa­lan­ýar. Türk­men top­ra­gyn­dan ön­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri be­re­ket, rys­gal bo­lup sa­çak­la­ra dol­ýar. Bu gün­ki gün­de oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin yl­my esas­da iş­ler ýo­la go­ýul­ýar. Bar­lag­ha­na­lar­da, tej­ri­be ýer­le­rin­de ýur­du­my­zyň ho­wa şert­le­ri­ne ýa­ram­ly ekin­ler bar­la­nyl­ýar we türk­men alym­la­ry ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýär. Bu bol­sa oba ho­ja­ly­gyn­da uly üs­tün­lik­le­re ýet­me­giň aý­ra­tyn ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Gül­şat MÄ­TI­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.