Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde Lu Ban ussahanasy dörediler

17 Aprel 2023
1066

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Hytaýyň Týanszin bilim edarasy tarapyndan esaslandyrylan Lu Ban ussahanasyny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Oňa uniwersitetiň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň, onuň Türkmenistandaky «Internasional Ltd» şahamçasynyň, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly Sian nebit we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda uniwersitetde Lu Ban ussahanasyny açmagyň anyk wezipeleri, onuň häzirki zaman tejribehana enjamlary üçin talabalaýyk okuw binasy, geçiriljek okuw-tejribe sapaklarynyň hünär ugurlary, okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw dersleri, okuw-tejribe enjamlary we hünärmenler bilen üpjünçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady hem-de uniwersitetde alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de maslahatyň dowamynda Lu Ban ussahanasy boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek we özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak teklip edildi we ol biragyzdan goldanyldy. Maslahatda täze dörediljek Lu Ban ussahanasynda magistr, bakalawr taýýarlygy boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň hünär ugurlary hödürlenildi.

Serdar ATAÝEW,
«Nebit-gaz».