Bilim hazynadyr

10 Aprel 2023
811

Beýik Seljuk soltanynyň hökümdarlyk eden döwründe Eýranyň kiçijik bir şäherinde ýeke ogly bilen bir ene ýaşaýar eken. Ömrüniň ahyrlap barýanyny duýan ene ogluny ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýipdir: «Men saňa ahyrky demimde uly bir baýlygy miras goýýaryn. Onuň içinde uly-uly üstünliklere ýetmegiň inçe syrlary jemlenendir. Sen ondaky ýazylanlary okap, dogry berjaý etseň, uly derejelere, soňsuz hazyna eýe bolarsyň». Onsoň ol törde çaň basyp giden köneje tekjä barmagy bilen yşarat edipdir-de, gözlerini baky ýumupdyr.

Ol garyp öýüň bar baýlygy, şatlygy, bezegi bolan käbesiniň ahyrky wesýetini ýerine ýetirmek üçin bar güýjüni jemläpdir. Ol köneje tekjäniň ýanyna baryp açyp görse, akja ýaglyga dolanan kitap bar ekeni. Ol ony emaý bilen alyp, kitabyň giriş sahypasyny açýar. Onda: «Hazyna ýetmek üçin her sahypany, her setiri sypdyrman okaň. Eger sabyrsyzlyk edip, ony ahyrky sahypasyna geçirseňiz, onda kitap öz-özünden ýok bolar we siz hazyna eýe bolup bilmersiňiz» diýen sözler bar.

Amangül NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Maglumat howpsuzlygy we seljeriş müdirliginiň baş hünärmeni.