Ça­ga­lar ki­tap­ha­na­la­ry

9 Aprel 2023
1118

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023.

Ça­ga­la­ryň sag­dyn pi­kir­li, sag­dyn ruh­ly ke­ma­la gel­me­gi hak­da­ky ala­da­lar adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň öňün­de du­ran mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Ça­ga­la­ryň be­lent mak­sat­la­ra ýet­me­gi üçin bü­tin dün­ýä­de tä­sin­den-tä­sin usul­lar ula­nyl­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da türk­men hal­ky­nyň nu­ra­na gel­je­gi­niň eýe­le­ri bo­lan şu gün­ki ýaş ne­sil­le­riň kä­mil ösüp ýe­tiş­mek­le­ri üçin bi­möç­ber ala­da­la­r ed­ilýär. Ola­ryň oka­mak­la­ry, öw­ren­mek­le­ri, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mek­le­ri üçin ýur­du­myz­da äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Ça­ga­lar üçin sport, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şeý­le hem ýur­du­myz­da­ky ça­ga­lar ki­tap­ha­na­la­ry ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň hyz­ma­tyn­da­dyr. Bu ýer­de ça­ga­lar ylym-bi­lim­le­riň ja­dy­ly dün­ýä­si­ne ara­laş­ýar. Öz gy­zyk­lan­ýan ugur­la­ry, gel­jek­de saý­lan hü­när­le­ri bi­len bag­ly ki­tap­la­ry, çe­per ede­bi­ýat­la­ry oka­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.