"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täsin şekilli suw çüwdürimleri

Uzak günki argynlykdan soň arassa howada dynç almak adama gurbat-güýç berýär. Gözelligi, sergin howasy, tämizligi bilen göreni maýyl edýän seýilgähler, suw çüwdürimleri iň gelim-gidimli ýer hasaplanýar. Aýratyn-da, tomsuna gündiziň yssysy gaýdyşansoň, aram howada suw çüwdüriminiň ýanynda dynç almagyň özboluşly lezzeti bar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, dünýäniň islendik künjeginde köpçüligiň ünsüni özüne çekýän täsin şekilli suw çüwdürimleri gabat gelýär. «Dile düşen» şeýle suw çüwdürimleri jahakeşdeleri-de özüne bendi edýär. «Bag» suw çüwdürimi

Dünýäniň täsin söwda merkezleri

Gözel «Gül zemin» «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işleri «Altyn» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp baryldy. Ajaýyp desga 3,8 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň üç gatly binasynyň umumy meýdany 43 müň 560 inedördül metre barabardyr. «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezinde köpsanly söwda nokatlary, 800 we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana ýerleşýär. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketleri we söwda dükanlary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisi, şeýle hem birwagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edýän dürli attraksionlar ýerleşýär. «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi döwrebap liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edilendir.

Dünýäniň meşhur desgalary

Täsin binagärlik Alyslardan seleňläp görünýän, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Estetiki merkezi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-una gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylyp ulanylmaga berlen bu ajaýyp desgada halkymyza gözellik we estetiki taýdan ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologik hyzmatlary etmek üçin zerur şertler döredilen. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň kompaniýalarynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary ornaşdyrylandyr. Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan gurlan lukmançylyk merkezi özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Binagärlik sungatynyň dürdäneleri

Ajaýyp desga 2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-sinde gurlup ulanmaga berlen Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň belent gerşinde ýerleşýän «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi özüniň ajaýyp binagärligi bilen köpleriň ünsüni çekýär. Bu özboluşly desga «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen at bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Onuň beýikligi 211 metre barabardyr. Binada dürli görnüşdäki gepleşikleri taýýarlamak hem-de kebşirlemek üçin niýetlenen studiýalar, işgärler üçin naharhana, dynç alyş otaglary, kafeteriýa bar. Ak şäherimiz Aşgabadyň täsin binagärlik keşbini desganyň 29-njy gatynda ýerleşýän aýlanýan restoranda synlamak has-da lezzetlidir. Bu täsin desganyň özboluşly binagärligini, ajaýyp şuglasyny bolsa hatda gijelerine hem paýtagtymyzyň dürli künjeklerinden synlamak bolýar.

Uzak ülkedäki tagam (Muny bilmek gyzykly)

Italiýanyň adamlary, ýaşaýyş şertleri, esasan hem, tagam aýratynlygy özüne çekijidir. Mysal üçin, Italýan aşhanasynda inçe, ýuka ýaýylan içi dürli hurşy ýetirilen gutaplar we kesilen hamyrlar, täze aşlar, hamyrmaýaly çörekler, gök önümli çorbalar, tüwüli tagamlar uly islegden peýdalanýar. Aşpezler her gün diýen ýaly undan tagam taýýarlamak işine girişende, ilki başda çörek, galyberse-de, ondan taýýarlanylýan dürli önümleri esasy iýmitiň hatarynda goýýarlar. Tagam babatynda Italiýa oýlap tapyjylaryň mekany hasaplanylýar. Dünýä aşhanasynyň «eýesi» hökmünde onda ýer edinmegi başaran italýanlar pissa, çorba atylýan köp görnüşli aş tagamlarynyň baryny diýen ýaly oýlap tapypdyrlar. Un bilen çörege ýykgyn bolan halk hamyr tagamlarynyň hakyky söýerleridir. Eger pissa hakynda gürrüň etmeli bolsa, onda oňa örän gabanjaňlyk bilen garaýandyklaryny bellemeli. Hatda 1984-nji ýylda bu tagamyň taýýarlanyş usulyny gizlin we hilini gözegçilikde saklamak üçin ýörite birleşik hem döredipdirler. Tagamyna laýyklykda, bu ýerde pissanyň 2000 -den gowrak ady bolup, şolardan margaritda we marinara atlysy nusgawy görnüşleri hasaplanylýar.

Jahanyň meşhur desgalary

«Türkmen alabaýy» binasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil ýolunyň merkezini bolsa täsin «Türkmen alabaýy» binasy bezeýär. Türkmen alabaýynyň heýkeli 16 sany beýik bina bilen sazlaşyp, Magtymguly şaýoluna özboluşly görk berýär. Aýlaw ýolunyň diametri 36 metr bolup, binanyň umumy beýikligi 15 metrdir. Türkmen alabaýynyň heýkeliniň beýikligi bolsa 6 metre barabardyr.

Gar hakynda täsinlikler

Başga planetalarda-da gar barmy? Hawa, beýleki planetalarda hem gar bardyr. Mysal üçin, Neptun planetasynyň hemrasy Tritonda ol köp mukdarda ýagýar. Ol düzümi boýunça Ýeriň ýüzüne düşýän gardan birazajyk tapawutlanýar. Ol ýerdäki gülgüne reňkli garyň düzümi suwdan, kömürturşy gazyndan we azotdan ybaratdyr.

— Bilgirje, eskimoslara hemişelik aýazly sebitlerde ýaşamak nädip başardýarka?!

— Eskimoslar Grenlandiýada, Kanadada, Alýaskada we Çukotka ýarym adasynda ýaşaýan millet bolup, olar demirgazygyň çapgyn aýazly howasynda ýaşamaga uýgunlaşandyrlar. Ýer ýüzünde eskimoslaryň sany 170 müňden köp däldir. Olaryň egin-eşikleri demirgazygyň aýazyna çydam etmek üçin sugunyň we beýleki owadan sütükli haýwanlaryň derisinden tikilýär. Aýaklaryna bolsa deriden tikilen ädikleri geýýärler. Mundan başga-da, eskimoslar sowukdan goranmak üçin endamyna aýynyň hem-de düwleniň ýagyny, ýüzlerine bolsa balyk ýagyny çalýarlar.

Meşhur köçelere syýahat

«Abbey Road» «Abbey Road» Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheriniň iň meşhur köçeleriniň biridir. Onuň esasy meşhurlygy köçäniň günorta-gündogar tarapynda, «Abbey Road 3» salgysynda ýerleşýän adybir aýdym-saz studiýasy bilen baglydyr. «EMI Group» mediakompaniýasyna degişli bolan bu studiýada dünýä belli iňlis aýdym-saz topary bolan «The Beatles» özüniň ençeme meşhur aýdymlaryny ýazgy edipdir. 1970-nji ýylda topar «Abbey Road» atly aýdym albomyny öz muşdaklaryna hödürleýär. Albomyň ýüzünde bolsa «The Beatles» agzalarynyň «Abbey Road» köçesiniň pyýada geçelgesinden ýöräp barýan pursadynda düşürilen fotosurat ýerleşdirilipdir. Hut şol fotosurat hem geçelgäniň dünýäde uly şöhrata eýe bolup, syýahatçylaryň ünsüniň çekilmegine sebäp bolýar. Häli-häzire çenli hem syýahatçylaryň arasynda bu köçäniň pyýada geçelgesinde durup surata düşmek diýseň ýörgünlidir.

Şokolad muzeýleri hakynda

Şokolad diňe çagalaryň däl, eýsem ulularyň hem halaýan süýjüligidir. Şoňa görä-de, şokoladyň emele geliş taryhy, görnüşleri, dünýä ýurtlaryna ýaýraýşy dogrusynda gürrüň berýän muzeýler dünýäniň köp ýurtlarynda bolup, olar syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirýän ýerleridir. Şokolad muzeýleri Russiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Çehiýa, Ukraina, Fransiýa, Meksika ýaly ýurtlarda hereket edip, şokolad bilen bagly bolan maglumatlary, müňlerçe eksponatlary özünde jemleýär. Bu muzeýlerde şokoladyň ýüzlerçe görnüşini hem dadyp bolýar, hem olaryň emele geliş taryhyny, taýýarlanyş usullary baradaky maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik bar. Moskwada ýerleşen «Rus şokoladynyň taryhy» muzeýi şäheriň görnükli ýerinde ýerleşip, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň köp gelýän ýerleriniň biridir. Bu muzeý 2014-nji ýylda açylýar. Muzeýden öň ol ýerde “Şokolad hem-de kakao” atly sergi guralýan eken. Ýöne bu serginiň barha meşhurlyk gazanmagy bilen, şokolad bilen bagly aýratyn muzeýi döretmek babatdaky karara gelinýär. Şeýlelikde häzirki wagtda Şokolad muzeýinde 25 müňden gowrak eksponat bolup, ýylyň dowamynda oňa 50 müňden gowrak adam syýahata gelýär.

Dünýäniň ýedi täsinligi

Kolizeý Gadymy Rimiň arhitektura ýadygärligi, biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýäniň iň ajaýyp we meşhur desgalarynyň biridir. Ol Rimde ýerleşýär.

Täsin binalar

Pianino binasy Daşyndan seredeniňde äpet pianino we skripkanyň şekilini görkezýän bu ajaýyp görnüşli bina Hytaý Halk Respublikasynyň An-Hui şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda aýdym-saz mekdebi bolup hyzmat edýän bu binanyň taslamasy ýurduň çäginde ýerleşýän Hefei tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary tarapyndan döredilipdir. Üç sany berk sütüniň üstünde gurlan bu binany synlamaga gelýän syýahatçylaryň yzy üzülmeýär.

Afrika syýahat

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Wasiliý Wasilýewiç ÝUNKER,rus syýahatçysy