Dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň düri-mer­je­ni

23 Iýun 2021
2181

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
  —«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmegimiziň baş maksady deňiz kenarynyň tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanmakdan we syýahatçylygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, bu ýerde türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly raýatlaryň döwrebap dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Çünki adamlar, olaryň saglygy we abadan, asuda, bagtyýar durmuşy hakyndaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Üç-dört ýyl mundan ozal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreleriň birinde ummanyň aňyrsynda ýerleşýän ýurtlaryň birinden gelen jahankeşde kärdeşim bilen tanyşmak hem özara pikir alyşmak miýesser edipdi. Şonda halkara syýahatçylyk merkezine öwrülen zolagyň ertekilerdäki Erem bagyny ýatladyp duran gözelliklerini gözügidijilik bilen synlap duran gaýry ýurtly galamgär özüniň dünýäniň köp ýurtlarynda bolandygyny, Bitarap döwletimize ilkinji gezek gelendigini aýdyp:

Ýagmyr NURYÝEW,
«Diýar».
Beýleki habarlar