Bagtyýar ýaş nesiller

1 Iýul 2021
2172

Çaga dünýäsine çalymdaş gyzykly hem şadyýan tomus möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ulanylmaga berlen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýän eýjejik çagalaryň nurana ýüzlerindäki joşguna gözüň düşüp, berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda ägirt uly alada edilýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Mary etrabyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi hem şeýle döwrebap binalaryň biridir. Bu ajaýyp merkezde çagalaryň 150-si dynç alýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek döwletimiziň baş aladalarynyň birine öwrüldi. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almagy, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek mümkinçiligine eýe bolmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Akmaral WELIÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar