"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Suwasty myhmanhana

Dünýäniň iň ajaýyp myhmanhanasy bolan «Poseidon Undersea Resort» Fijidäki Poseidon adasynda ýerleşýär. Bu binanyň özboluşlylygy — onuň suwuň aşagynda ýerleşmegidir. «Poseidon Undersea Resort» suwasty myhmanhanasynda 24 sany kaşaň otag, alty restoran, suwa çümüjilere niýetlenen dükan, suw sport merkezi, toý dabaralaryny geçirmek üçin kiçeňräk ybadathana, golf we tennis meýdançalary bar. Otaglaryň penjirelerinden haýran galdyryjy umman gözelligini synlamak bolýar. Bu ýere gelen myhmanlar suwasty «ýaşaýjylarynyň» durmuşyny hem-de haýran galdyryjy reňkli merjen gaýalaryny synlamakdan uly lezzet alyp bilerler. Myhmanhananyň deňziň on iki metr çuňlugynda ýerleşmegi, onuň täsinligini has-da artdyrýar.

Doganlaşan şäherler

Taryhy we däp-dessurlary umumy bolan Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy dostlukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim-ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergiler yzygiderli guralýar. 1994-nji ýylda Aşgabat bilen Ankara şäherleriniň arasynda doganlaşan şäherler gatnaşygy ýola goýuldy. Aşgabadyň doganlagan şäheri Ankara barada gyzykly maglumatlary bilmek okyjylarymyz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ankara

Awaza myhmanlary garşylar

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda 14-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda tomusky dynç alyş döwründe Awazada dynç almagyň tertibi we bu babatda alnyp barylýan käbir guramaçylyk meselelerine garaldy. Gazetimiziň şu sanynda tomusky dynç alşy ýokary derejede guramak maksady bilen, şol mejlisden gelip çykýan wezipeler bilen bagly käbir maglumatlara ýene bir ýola ýüzlenmegi makul bildik. «TÜRKMENISTAN»

Hazaryň kenary — dynç alşyň mekany

Sapaly tomus pasly golaýlap gelýär. Ol türkmenistanlylaryň uludan-kiçä ählisiniň köpçülikleýin dynç alýan, saglyklaryny berkidýän, wagtlaryny şadyýan geçirýän döwrüdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň şypahanalarynda, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde golaýlap gelýän möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär, abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilýär. Gojaman Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem taýýarlyk işleri talaba laýyk ýola goýuldy. Bular dogrusynda merkeziň ýolbaşçysy Serdar Rejebow habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyny ýörelge edinen Gahryman Arkadagymyz raýatlarymyzyň okuwdan, işden boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, medeniýetli dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin taýsyz tagallalary edýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, diňe soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda döwrebap şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän, dokuz gektar töweregi meýdany eýeleýän biziň merkezimiz hem indi birnäçe ýyldan bäri ilata medeniýetli hyzmat edýär. Bu ýerde ýatylýan we dynç alynýan otaglaryň birnäçesi, aşhana, açyk meýdandaky suwa düşülýän howuzlaryň üçüsi, ýapyk binadaky howuzlaryň bolsa ikisi hereket etmek bilen dynç almaga gelýänler üçin ähli oňaýly şertler bar. Işine ezber, ak ýürekli

Awaza — jenneti mekan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda amala aşyrylýan işler diýseň begençlidir. Gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Berkarar Watanymyzyň bu gözel künjeginde gysga döwrüň içinde gurlan desgalar — kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler toplumlary, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki köp sanly desgalar diňe ildeşlerimizde däl, bütin dünýäde hem uly gyzyklanma döredýär. Gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenary, hakykatdan-da, jenneti mekany ýada salýar. Bu ýerde döredilen gözellikler deňiz kenarynyň ajaýyplygy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bir-birinden kaşaň desgalaryň milli binagärligiň özboluşly äheňleri häzirki zaman dünýä binagärliginiň gazananlary bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa, Hazaryň türkmen kenarynda döredilen syýahatçylyk zolagyna nuranalyk goşýar. «Ak ýelken», «Tolkun» kottejler toplumlarynyň, «Älemgoşar», «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» ýaly attraksionlar seýilgähleriniň, «Awaza» söwda merkeziniň, «Awaza» sport toplumynyň, «Ýelken» we «Tolkun» ýaht-klublarynyň özi hem tarypa mynasypdyr. Awazada gurulýan düzümleýin desgalaryň, sport we medeni-dynç alyş merkezleriniň geriminiň barha giňemegi has-da begendirýär.

Doganlaşan şäherler

Ýurdumyzyň administratiw-syýasy, senagat, ylym we medeni merkezi gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň ençeme şäherleri we sebitleri bilen doganlyk gatnaşyklaryny dürli şertnamalar we bilelikdäki hyzmatdaşlyklar arkaly işjeň ösdürýär. 2017-nji ýylda Aşgabat Täjigistan döwletiniň paýtagty Duşenbe bilen doganlaşan şäherlere öwrüldi. Geçen sanlyja ýylyň içinde medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak babatda uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Şunda Duşenbe şäheriniň käbir täsinlikleri, medeni desgalary hakyndaky maglumatlary bilmek has gyzykly bolsa gerek. Duşenbe

Doganlaşan şäherler

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat doganlaşan şäherleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi 2014-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň paýtagtlaryna doganlaşan şäherler derejesini bermek barada teklip beripdi. Onuň sözlerine görä, Tokio iň uly ylym we bilim merkezi, Aşgabat bolsa dürli möhüm halkara çäreleriniň geçirilýän dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biridir. Iki döwletiň paýtagtlaryna bu derejäni bermek halklaryň arasyndaky dostlugyň we netijeli gatnaşyklaryň täze aýdyň nyşanyna öwrüldi. Aşgabadyň we Tokionyň doganlaşmak baradaky maksatnamasy, ýapon işewür toparlarynyň uzakmöhletleýin esasda Türkmenistan bilen iň ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak isleginiň ýene bir subutnamasy boldy. Ýurdumyz diňe bir amatly maýa goýum şertleri we sosial durnuklylyk bilen däl, eýsem, ösen syýahatçylyk ugry, ýokary ykdysadyýeti we medeniýeti, şeýle hem köpsanly halkara sergileri we kongresleri bilen işewürleri özüne çekýär. Aşgabadyň doganlaşan şäheri Tokio barada täsin maglumatlary bilmek okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek. Tokio

Albukerke

Welosiped şäherlileriň hemrasy Şäherde welosiped ýollarynyň ösen ulgamy bar. 2019-njy ýylda berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, aýratyn welosiped zolaklaryň we ýörite zolaklaryň uzynlygy 400 milden geçýär. 2009-njy ýyldan bäri bu şäher welosiped sürýänler üçin amatlyklara baý şäher hökmünde tanalýar. Şäheriň «Silwer» şaýolunda ilkinji welosiped ýanýodasy açyldy. Şäherde häzirki wagtda hem welosiped sürýänler üçin kars programmalary düzmek we maýa goýumy dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Dag gerişleriniň täsinligi

Hytaýyň Hunan welaýatynyň demirgazyk-günbatar tarapyny Ulinýuan dag gerişleri tutýar. Birmahallar äpet dag bolanlygy mese-mälim bildirýän Ulinýuan millionlarça ýylyň dowamynda tebigatyň dargama, owranma hadysalaryna duçar bolupdyr. Gum daşlarynyň, hek daşlarynyň pytramagy netijesinde özboluşly görnüşe eýe bolan 3000 töweregi kert gaýalar, daşdan diňler 26 müň gektar ýere uzalyp gidýär. Dag sütünleriniň müňden gowragynyň beýikligi 200 metrden geçýär. «Iň uzyn boýly» kert asmana garşy 1890 metr uzasa, «Awatar» adyny göterýän meşhur gaýanyň beýikligi 1080 metre ýetýär. Dag ulgamynyň täsin gözelligine maýyl bolan Jeýms Kemeron meşhur «Awatar» kinofilminiň käbir pursatlaryny şu ýerlerde surata düşüripdir. Beýikligi 1518 metre ýetýän Týanmen dagyny ýerli ýaşaýjylar keramatly dag hasaplaýarlar. Olaryň ynanjyna görä, tebigy hadysalar, taryhy özgerişlikler bolmazdan öň bu gaýadan şaglawuk akanmyş. Şeýle hem Týanmen gaýasynda «Asman derwezesi» atly gowak bar. Ol gowaga barmak üçin jahankeşdeler dünýäde iň uzyn asma köprüsinden peýdalanýarlar. Asma köpriniň uzynlygy 7455 metrdir. Týanmeniň ýene bir meşhurlygy—iki gaýany birikdirýän «Ynam ýodasydyr». Oňa «Asman ýodasy» hem diýilýär. Aýnadan salnan bu köpri howpsuz bolsa-da, jahankeşdeler ondan ýürek edip ýöräp geçmäge birbada çekinýärler. 2016-njy ýylda ulanyşa girizilen bu geçelgäniň uzynlygy 430 metre, ini 6 metre ýetýär. Köpri ýerden 30

Awaza — sagdynlygyň mekany

Bagtyýarlyk döwründe gün-günden özgerýän Watanymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap ýatan balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ynsanda ýakymly duýgulary döredýär, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek her kesiň arzuwy. Ýurdumyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen şu ýylyň tomsunda bu jenneti mekan ýene-de öz myhmanlaryny kabul eder. Awazanyň suwy-da, howasy-da, palçygy-da, suw otlary-da dermandyr. Bu ýerde gurlan «Awaza» şypahanasy bolsa aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwuny, fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullaryny öz içine alyp, toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullaryny giňden ulanmaga mümkinçilik döretdi. Şypahanada Diýarymyzyň baý tebigy melhem, bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge we olarda keselleriň öňüni almaga hem-de ömür dowamlylygynyň artmagyna özüniň oňyn tä

Gezsem, dünýäni görsem

Köýtendagyň täsinlikleri Köýtendagyň özboluşly tebigy aýratynlyklary islendik jahankeşdäniň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag ajaýyp tebigy künjekleri, täsin gowaklary, dag howasy bilen hemmelere lezzet paýlaýar. Häzirki wagtda onuň gowaklaryny we taryhyny öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Köýtendagda ýerleşýän Gap-gotan gowagy özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Ýer ýüzünde seýrek duş gelýän magdanlaryň, minerallaryň uly toplumlary bar. Gowakda diňe bir minerallar bolman, ol ýeriň klimaty hem üýtgeşikdir. Gap-gotanyň dürli pasyllarda hem adam saglygyna örän peýdaly howasy bardyr. Bu ýeriň howasyndan dem almaklyk birnäçe keselleriň öňüni alýar we bejergi geçirmek üçin hem diýseň peýdalydyr.

Muzeý gymmatlyklary gyzyklanma döredýär

Ýakynda Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan syýahata orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen atlarynyň — meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, ýaşlarda milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän behişdi bedewlerimiziň we ahalteke atşynaslygynyň taryhyna hem-de şu gününe, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerine bolan söýgini ösdürmek, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen guralan syýahat uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň barşynda muzeýiň hünärmeni Mahym Bajamowa häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň täzeden dikeldilýändigi, türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenýändigi, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerine bimöçber sarpa goýulýandygy, olaryň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanýandygy dogrusynda gyzykly gürrüň berdi.

Dünýäniň täsin desgalary

Ajaýyp bina Merjen şäherimiz Aşgabatda täze gurlan täsin binalar barmak basyp sanardan juda kän. Aşgabadyň çäginde gurulýan desgalaryň ençemesi özüniň binagärlik aýratynlygy, täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan ajaýyp desgalaryň biri-de «Ýyldyz» binasydyr. «Ýyldyz» binasy merjen şäherimiziň Bagtyýarlyk we Oguz han köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Özboluşly ajaýyp binanyň beýikligi 36 metre barabardyr. Bäş sütüniň her biri türkmen sekizburçlugynyň nyşanlary bilen bezelen. Bina bäş sany ýarym Aý şekilindäki sütünlerden ybaratdyr. Ol sütünleri bilen özboluşly sazlaşyp, Arşa uçup barýan emeli hemranyň keşbini ýatladýar. Ajaýyp sungat eserine öwrülen bu täsin bina häzirki wagtda köpleri haýran galdyrýar.

Lotos görnüşindäki binalar

Häzirki zaman binagärlik sungaty özüniň özboluşly täzeçilligi hem-de görnüşi bilen haýran galdyrýar. Güller öz ajaýyp keşbi bilen hemişe-de döredijilik adamlarynyň ünsüni çekipdir. Lotos gülüniň keşbini alan ajaýyp bir bina Wýetnamyň Nýaçang şäherinde ýerleşýär. Lotos Wýetnamyň nyşanydyr. “Lotos diňi” diýlip atlandyrylýan bu desga 2008-nji ýylda binagär Le Tan Tunganyň taslamasy esasynda bina edilýär. Lotos suwda bitensoň, bu binanyň-da aşaky gatlaryny tolkunlar ýuwup dur.

Gezsem, dünýäni görsem

Dal bedewlere sarpa Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň birnäçe ajaýyp binalarydyr desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Bu bolsa ak şäherimiziň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Paýtagtymyzyň döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde 2017-nji ýylda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu taryhy waka dal bedewlerimiziň sarpasynyň belentdiginden aýdyň nyşan boldy. Olimpiýa stadiony Aşgabadyň nurly gijelerinde ajaýyp keşbe eýe bolýar. Özboluşly ajaýyp desga ýurdumyzda iň uly stadiondyr.

Dünýäniň meşhur ýollary

Täsin köçe N.Andalyp ýoly paýtagtymyz Aşgabadyň iň giň, uzyn hem-de döwrebap köçeleriniň biridir. Şäheriň iň gatnawly köçeleriniň biri hasaplanýan bu ýolda hiç hili ýolyşygy ornaşdyrylmadyk. Emma muňa garamazdan, N.Andalyp köçesiniň ugrunda awtoulaglaryň päsgelçiliksiz hereket etmegi üçin birnäçe aýlawlar, sowma ýollar, pyýada geçelgeler bar. Köçäniň ugrunda ýokary okuw mekdepleri, bazar, işewürlik merkezleri, kafedir restoranlar, söwda merkezleri we döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär, köçede awtomobil dykynlary döremeýär. Mundan başga-da, ýoluň ugrunda pyýadalar üçin ýörite ýerasty we ýerüsti geçelgeler bar. Köçäni ýylyň ähli paslynda al-elwan güller bezeýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Görki täsin Aşgabat Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde, ýagny 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi bilen 2013-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň birnäçe binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Bu bolsa, merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Paýtagtymyzda gurulýan binalar biri-birinden özboluşlylygy, ajaýyp binagärligi bilen tapawutlanýar. Aşgabat häzirki wagtda sportuň iň ösen şäherleriniň birine öwrüldi.

Afrika syýahat

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). Wasiliý Wasilýewiç ÝUNKER,rus syýahatçysy

Neşir önümleriniň täsin dünýäsi

Döwrebap metbugat öýi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň edara binasy paýtagtymyzyň gözel binalarynyň biri. 4 gatly edara binasy 2 lift bilen üpjün edilen. Binanyň birinji gatynda işgärler üçin döwrebap enjamlaşdyrylan iş otaglary, tehniki we kömekçi jaýlar ýerleşýär. Binanyň 2-nji we 3-nji gatlary gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň, 4-nji gaty bolsa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işgärleri üçin niýetlenendir. Ähli iş otaglary döwrebap oňaýly mebeller we dünýäniň iň soňky gazanan ýokary hilli kompýuterleri bilen üpjün edilendir. Binanyň 3-nji gatynda neşir önümleriniň muzeýi hem ýerleşýär. Binanyň çäginde ýeňil awtoulaglar üçin niýetlenen 40 orunlyk, ýük ulaglar üçin niýetlenen 40 orunlyk üsti ýapyk duralgalar bar. Şeýle hem, desganyň içinde bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin ýörite naharhana hem ýerleşýär.

Buzdan ýasalan heýkeller

Mähriban çagalar, aýazly günleri köp bolan sowuk howaly ýurtlarda ägirt uly buz böleklerinden dürli heýkelleri we şekilleri ýasamak bilen meşgullanýan heýkeltaraşlar bar. Olar howanyň maýyl wagtynda agaçlardan we beýleki materiallardan heýkelleri ýasaýan bolsalar, gyşyň gelmegi bilen kölleriň, derýalaryň doňup, buza öwrülen böleklerinden dürli şekilleri ýasamak bilen meşgullanýarlar. Howanyň temperaturasynyň pes bolan wagty heýkeller durkuny üýtgetmän saklaýarlar, emma howanyň maýlamagy bilen bu täsin şekiller eremek bilen bolýarlar. Heýkeltaraşlaryň aýtmagyna görä, bu heýkelleri ýasamak üçin iň esasy şertleriň biri buzuň abatlygy we hiç ýeriniň jaýryk bolmazlygydyr. Şeýle-de, doňan suwuň durulygy hem heýkelleriň has owadan durkuna, görküne öz täsirini ýetirýär.