Jahanyň dynç alyş merkezleri

12 Iýul 2021
2522

Amatlyklara baý merkez

Bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Şol merkezleriň hatarynda jana tenekar, hoştap howaly Gökdere jülgesindäki «Daýanç» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezini mysal getirmek bolar. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almaklary üçin ähli amatlyklary bolan suw howdanlaryň, okalga, dynç alyş otaglaryň, tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan otaglaryň bolmagy çagalaryň şadyýan, many-mazmunly dynç almaklary üçin niýetlenilendir. Şeýle hem, ol merkezde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenilen meýdançalar, üsti açyk aýdym-saz merkezi, suwa düşülýän howuzlar, lukmançylyk merkezleri we naharhanalar çagalaryň hyzmatynda.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar