Awaza — hazar boýunyň merjeni

12 Iýul 2021
2112

Gojaman Hazaryň gözel kenarynda kemala gelýän hem-de gözüň alnynda türkmen topragynyň hakyky merjenine öwrülýän deňiz şypahanasynyň giň gerimli görnüşi akylyňy haýran edýär. Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň ýokary derejeli dynç alyşda bolmagyny üpjün etmek boýunça meseleleri öz gözegçiliginde saklaýar. Milli Liderimiziň Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirmegi we welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir. Milli Liderimiziň ak patasy bilen, «Rahat» atly täze, ýokary tizlikli ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine badalga berilmegi bolsa, has-da guwandyryjydyr. Täze gämi dynç alýanlar we syýahatçylar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň tagallasy bilen Hazaryň türkmen kenarynda döredilen ýokary derejeli myhmanhanalar, döwrebap şypahana we dynç alyş düzümleri, köpugurly sport desgalary, oýun attraksionly seýilgählerdir emeli derýa, täze döredilen emeli tokaý zolaklary göreni haýran galdyrýar. Olaryň ählisi täze tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Arassa deňiz howasy, altynsow çägeli kenar, derde derman deňiz suwy dynç almak üçin döredilen ajaýyp şertler bilen utgaşyp, döwrebap dynç alyş düzüminiň täsirliligini, saglyk üçin gymmatyny artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň deňiz boýunça gezelenjiniň dowamynda Hazaryň kenarynda işjeň dynç alşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we onuň görnüşlerini artdyrmak boýunça talaba laýyk işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny bellemegi-de, bu ugurdaky işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Batyr ALLAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar