"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dünýäniň meşhur muzeýleri

Täsin halylar haýrana goýýar Türkmen halysynyň milli muzeýi ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu muzeý 1994-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda açyldy. Milli muzeýde birnäçe uly türkmen halylary bilen bir hatarda, haly önümlerini hem görmek mümkin. Muzeýdäki täsin halylar köpleriň ünsüni çekýär. Bu ýerdäki täsin halynyň uzynlygy 193 metr, agramy bir tonna barabar bolup, ol 1941-nji ýylda 40-a golaý adam tarapyndan dokalýar. Şeýle hem, 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli uzynlygy 301 metre barabar bolan haly dokaldy. Bu haly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýäniň iň uly elde dokalan halysy hökmünde girdi.

Syýahatçylyk — geljegi uly ugur

Ýakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara onlaýn maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Ýaponiýa, Awstriýa, Kanada, Hytaý, Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Belarus, Ukraina döwletlerinden syýahatçylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryň 20-ä golaýy onlaýn tertipde gatnaşdylar. Halkara onlaýn maslahat «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda syýahatçylykda telekeçilik, bilim we innowasiýalaryň orny», «Türkmenistanda taryhy, medeni we ekologiýa syýahatçylygynyň esasy ugurlary» atly bölümler boýunça öz işini dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde işewürligiň, bilimiň we innowasiýalaryň ähmiýeti hakynda pikir alyşmalar boldy. Forumyň barşynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, türkmen tebigatynyň owadan hem täsin künjekleri, dünýä jahankeşdelerinde, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän taryhy ýadygärliklerimiz, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi.

«Dog Bark Park Inn» myhmanhanasy

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň Kottonwud şäherinde täsin görnüşli myhmana bar. 2003-nji ýylda gurlan bu myhmanhana syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Gurluşy taýdan täsin bolan bu myhmanhana it görnüşindedir we onda syýahatçylar üçin dynç almaga ähli şertler döredilendir. Myhmanhananyň «garnynda» birnäçe otag ýerleşýär. Binanyň taslamasy Frensis Konklin hem-de onuň ýanýoldaşy Denis Salliwana degişlidir. Bu myhmanhanany gurmak pikiri ilki oýnawaç ussasy, heýkeltaraş Denis Salliwana gelipdir. Arzuwyny amala aşyrmak üçin oňa 6 ýyl gerek bolupdyr. Myhmanhanany maşgala agzalary el-ele berip, agzybirlikde gurupdyrlar. Täsin myhmanhananyň beýikligi on metrden gowrak bolup, onuň ýanynda ýene-de 3,5 metre ýetýän güjügiň hem heýkeli ýerleşýär.

Dünýäniň täsin şäherleri

Aziýanyň merjeni Ak mermerli binalary bilen dünýä tanalan merjen şäherimiz Aşgabat özüniň ajaýyp keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Paýtagtymyz ak mermere beslenen binalaryň köplügi bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Bu babatda, ol 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeginde şol gün Aşgabat şäheriniň güni hökmünde uly dabara bilen baýram edilýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Ak ýollaryň aýdymy «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoly, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň we sebitiň ösüşine uly goşant goşjak örän ähmiýetli taslamalaryň biridir. Ýakynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu ýoluň «Aşgabat — Tejen» bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Uzynlygy 203 kilometre ýetýän döwrebap ýol düzümi alty sany hereket zolagyny özünde jemleýär. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her bir hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Hil taýdan ýokary derejeli halkara güwänamalaryna eýe bolan ýoluň türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygy has-da buýsandyryjydyr. 2019-njy ýylyň başynda gurlup başlanan ýoluň galan bölegini 2023-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu ýol Garagum sährasynyň täsin tebigatyny synlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Dünýäniň meşhur myhmanhanalary

«Olimpiýa» şäherçesindäki gözellik «Olimpiýa» myhmanhanasy ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýär. Myhmanhananyň 225 sany ýokary hilli otaglary bolup, birwagtda 450 myhmany kabul etmek mümkinçiligi bar. Ol jemi 10 gatdan ybarat bolup, onda ýygnak zallary, restoranlar, kafeler, dükanlar, dellekhana we dynç almaga gelen raýatlar üçin başga-da birnäçe mümkinçilikler döredilendir. Myhmanhananyň ýokary derejeli myhmanlary, Milli olimpiýa komitetleriniň, Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny, resmi wekilleri we daşary ýurtly ýokary wezipeli adamlary hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny kabul etmek mümkinçiligi has giňdir.

Glazgonyň ajaýyplyklary

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. medeniýet we bilim

Jahanyň owadan seýilgähleri

Bagtyýarlyk mekany Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi paýtagtymyzyň dynç almak üçin amatly, gözel künjekleriniň biridir. Ol 1887-nji ýylda döredilip, paýtagtymyzdaky iň gadymy seýilgähleriň biri hasaplanylýar. Seýilgäh ilkibaşda «Tomus bagy» diýlip atlandyrylypdyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň ol «Aşgabat» seýilgähi diýlip atlandyryldy.

Gazagystanyň gözel ýerleri

«Han çadyr» söwda-dynç alyş merkezi Gazagystan özüniň täsin binagärlik desgalary bilen tapawutlanýar. 2010-njy ýylyň iýulynda açylan «Han çadyr» binasy Gazagystanyň halkynyň hem-de ýurda gelýän syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýeridir. «Han çadyr» ýurduň paýtagty Nur-Sultanda ýerleşip, ol iri söwda-dynç alyş merkezidir. Bu bina Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýäde iň uly çadyr hökmünde orun aldy.

Dostlukly ýurduň paýtagty Nur-Sultan

«Baýterek» gözellikleri görkezýär Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň merkezinde şäheriň özboluşly nyşanyna öwrülen syn ediş meýdançaly ajaýyp diň ýerleşýär. «Baýterek» diýlip atlandyrylýan bu diňiň beýikligi 105 metre deň bolup, onuň belentliginden şäheriň gözel görnüşine syn etmek bolýar. Gurluşygy 2002-nji ýylda tamamlanan syn ediş diňi şäheriň esaslandyrylmagynyň nyşany hökmünde paýtagtyň taryhynda esasy orny eýeleýär. Şeýle hem, binanyň düzüminde dynç alyş ýerleri, kafe, bar we sowgatlyk dükany bar.

Diýarymyzyň gözel künjeklerine syýahat

«7/24.tm», №43 (74), 25.10.2021. GADYMY NUSAÝ ÝADYGÄRLIGI

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Žül WERN,fransuz ýazyjysy

Meşhur kitaphanalar

Ruhy hazyna Ýurdumyzda ilkinji Döwlet kitaphanasy 1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda açylypdyr. Onuň ady dürli döwürlerde üýtgäp geldi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy diýlip atlandyrylyp gelinýär. Bu ýerde birwagtyň özünde 1100-e golaý okyjyny kabul etmek, 6 milliondan gowrak neşirleri aýawly saklamak üçin mümkinçilikler döredilen. Kitaphananyň hazynasy 5 million 600 müňden gowrak neşirden ybarat bolup, onuň düzüminde neşirleri toplaýyş bölümi, milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi bar. Şeýle hem, hyzmat ediş, ylmy-habar beriş we sowal-jogap, daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar, oba hojalyk edebiýatlary, seýrek neşirler, sungat, patent-tehniki edebiýatlar, medeni köpçülik işler, kitaphana abonementi, ylmy-usuly, bibliografiýa, kitap saklamak, metbugat neşirlerini abatlaýyş we jiltleýiş, kitaphana işine tehniki hyzmat ediş, Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyrmak ýaly bölümler hereket edýär.

Gezsem, dünýäni görsem

«Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli mermer şäherimiziň görküne görk goşýan binalaryň biri bolan «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi 2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Içki hem daşky gözelligi bilen göreni haýrana goýýan bu söwda merkeziniň 1-nji gatynda mebel dükanlary, türkmen milli önümleri we brend egin-eşikler üçin niýetlenilen dükanlar, 2-nji gatynda kafedir gözellik salonlary we ýene birnäçe görnüşli dükanlar, 3-nji gatynda bolsa çagalar üçin niýetlenilen döwrebap oýnawaç bilen gurşalan oýun zaly, kinoteatr, bouling we bilýard zallary bar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu bina köpugurly şertleri bilen göreni haýran galdyrýar.

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uly toý tutumlaryna beslenýän günlerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy. Neşiriň ilkinji sahypalary žurnalyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýew bilen «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewanyň «Garaşsyzlyk — halkymyzyň owazy» makalasy bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgitleri, mineral çig mal binýady, ýangyç-energetika senagatynyň kuwwaty barada söhbet açylýar.

Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy iş­jeň­leş­ýär

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (UNW­TO) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, san­jym­la­ryň art­ma­gy we kä­bir ýurt­lar­da çäk­len­dir­me­le­riň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, 2021-nji ýy­lyň iýun-iýul aý­la­ryn­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy tä­ze­den iş­jeň­le­şip baş­la­dy.2021-nji ýy­lyň iýu­lyn­da tak­my­nan 54 mil­li­on sy­ýa­hat­çy da­şa­ry ýur­da sy­ýa­hat et­di. Bu örän go­wy ne­ti­je bol­dy. Gu­ra­ma­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, kä­bir ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk gir­de­ji­le­ri hem ýo­kar­lan­dy we hat­da 2019-njy ýyldaky de­re­je­si­ne ýet­di. My­sal üçin, Mek­si­ka 2021-nji ýy­lyň iýu­lyn­da da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dan 2% köp gir­de­ji al­dy.Gu­ra­ma­nyň hü­när­men­le­ri hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň 2024-nji ýyl­da pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky de­re­je­si­ne gaý­dyp gel­jek­di­gi­ni belleýärler. Bu ugur­da­ky ösü­şiň 2022-nji ýyl­dan baş­lap du­ýul­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ata­bek HU­DA­ÝA­ROW,S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Seýil edeliň bu jahana

Ajaýyp bina Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet sirki 1979 — 1984-nji ýyllar aralygynda guruldy we 1985-nji ýylda açyldy. 2010-njy ýylyň aprel aýynyň 23-ünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen sirkiň doly durky täzelenip, ulanylmaga berildi. Onuň tutýan meýdany 27,468 inedördül metr bolup, 1 müň 500 adamlyk tomaşaçy ýerlerinden ybaratdyr. Sirkiň tomaşaçy ýerleri 10 sany bölümçä bölünen. Şeýle hem, bu ýerde 20 orunlyk dynç alyş otagy, 181 adama niýetlenen konferensiýa zaly, 20 bedew üçin athana, beýleki jandarlar üçin hem aýratyn ýatakhanalar we kömekçi jaýlar bar. Sirkdäki «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bu ýere gelenleri has-da haýran galdyrýar. Bu topar dünýäniň birnäçe ýurtlarynda çykyş edip, baş baýraklara mynasyp boldy.

Doganlyk döwletiň paýtagty Daşkent

«Aşgabat» seýilgähi Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkent şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle hem myhmanlaryň iň köp gelýän arzyly ýerleriniň biridir. Seýilgäh iki goňşy halkyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprelinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Umumy meýdany 10 gektar bolan seýilgähiň çäginde mermer paýtagtymyza mahsus bolan ajaýyp görnüş döredilipdir. Biri-biri bilen sazlaşykly ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleri, suw çüwdürimleri, gözel ýurdumyzyň ajaýyplyklaryny inçelik bilen şekillendirýän binagärlik ýadygärlikleri, şeýle hem medeni çykyşlaryň gurnalýan ýeri seýilgähe gelýänleriň ünsüni çekýär.

Dünýäniň gözel seýilgähleri

Halkymyzyň guwanjy Gözel paýtagtymyzyň görküne has görk goşýan seýilgähleriň biri hem «Laçyn» seýilgähidir. Ol 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda, Halkara howa menziliniň golaýynda guruldy. Onuň uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolup, umumy tutýan meýdany 10 gektara golaýdyr. Seýilgähde taryhyň dürli döwürlerinde ýaşap geçen akyldarlarymyzyň, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň ruhy baýlyga goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Seýilgähiň merkezinde uly suw çüwdürimi bolup, onuň ýanynda trapersiýa görnüşinde 8 sany suw çüwdürimleri bar. Şeýle hem, seýilgähde birnäçe saýaly we pürli baglar, güller bar. Baglary suwarmaklyk damjalaýyn görnüşinde alnyp barylýar. Seýilgähiň 4 gektar meýdançasy gezelenç ýerleri bolup, ýanýodalardyr ýollar türkmen milli nagyşlary bilen bezelen granit daşy bilen örtülendir. Gahryman Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna sowgat beren bu seýilgähi, «Ussat-inžener» hususy kärhanasy we Jemagat hojalygy müdirliginiň «UPTK» kärhanasy tarapyndan guruldy.

Dünýäniň döwrebap myhmanhanalary

«Ýyldyz» «Ýyldyz» paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän iň döwrebap, kaşaň we rahat myhmanhanalaryň biridir. Bu myhmanhana 2013-nji ýylda «Bouygues» fransuz kompaniýasy tarapyndan guruldy. Bina 24 gatdan ybarat bolup, beýikligi 107 metrdir. Gurluşygynda 7 müň tonna polat we 14 müň kwadrat metr aýna ulanylan bu desga jemi 155 otagdan ybarat. Binanyň 1-nji gatynda 100 orunlyk uly toý mekany, 14-nji gatynda VIP otaglar, 18-nji gatynda bolsa 600 orunlyk uly restoran ýerleşýär. Daşyndan seredeniňde, myhmanhana almaz daşyny ýatladýar.