Täsinlikler dünýäsinde

25 Maý 2022
1800

«Camry» 40 ýaşyna sowgat taýýarlaýar

Geljek 2023-nji ýylda meşhur ýapon awtomobil öndüriji «Toyota» kompaniýasynyň «Camry» modelleriniň çykarylyp başlananyna 40 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli kompaniýa bu modeliň ýörite ýubileý nusgasyny çykarmagy maksat edinýär. Ýakynda ýapon awtomobil öndürijisi özüniň «Camry» modeliniň geljek ýyldaky nusgasy bilen tanyşdyrdy. Şu ýylyň ahyrynda satuwa goýberilmegi meýilleşdirilýän ulag nusgasy «Nightshade Special Edition» diýlip atlandyrylýar. Bu nusgadaky ulaglar ak, «ýarygije garaňkylygy» we «suw howdanynyň göklügi» diýlip atlandyrylýan reňk görnüşlerinde öndüriler. Täze görnüşli ulaglar öňki ýyllardakydan özüniň gara aýnasy, radiatorynyň öňündäki torly bamperi, garaldylan faralary we yzky çyralary, bürünç reňkli diskleri bilen tapawutlanar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar