Dostlukly döwletiň paýtagty Moskwa

8 Iýun 2022
1595

Russiýalylaryň buýsanjy

Moskwa Kremli rus halkynyň we onuň paýtagt şäheri Moskwanyň taryhyny özünde jemleýän merkezdir. Ol XIII asyrdan bäri ýurduň taryhy we syýasy ähmiýetli wakalarynyň şaýady bolup gelýän merkezleriň biridir. Ýurduň esasy nyşanlarynyň birine öwrülen bu taryhy desga gala şekilinde XIII asyrda kemala gelipdir. Kremliň 2,5 kilometre uzaýan gala diwarlarynyň galyňlygy 6,5 metr bolup, onda 20 sany diň ýerleşýär. Kremliň içinde taryhy we dolandyryş ähmiýetli desgalaryň 15-si bar. Taryhy desganyň daşynda «Gyzyl meýdança» ýerleşip, onda ýurt ähmiýetli köpsanly medeni çäreler geçirilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar