"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmeniň algyr guşlary

22-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Gözellik meýdançasynda Gadymy, Görnükli, Meleguş, Gözbaş, Edermen, Gaçgyn, Paýhas, Watançy, Gyzykly ýaly arassa ganly ahalteke atlarynyň ýigrimisi bäsleşdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda eminler topary ahalteke bedewleriniň asyl nusgaly syn-sypatyna, beden agzalarynyň sazlaşygyna we görküne, olaryň täsin hereketlerine, ýorgalaýyşlaryna, şeýle-de atyň milli şaý-sepler bilen bezelişine, eýer-esbabynyň owadanlygyna 10 ballyk kesgitleme esasynda öz bahalaryny berdiler.

Bagtyýarlyk owazlary

20-nji aprelde Gökdepe etrap Medeniýet köşgünde Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hasabat konserti geçirildi. Konsertde mekdebiň skripkaçylar ansamblynyň sazandarlyk etmeginde gyzlar hor topary kompozitor N.Halmämmedowyň şahyr G.Ezizowyň «Uçuň, durnalar!» atly goşgusyna döreden aýdymyny, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň talyplary «Pyragy» atly aýdyşyk aýdymyny, aýdym aýtmak sungaty bölüminiň talyplary türkmen halk aýdymy «Göwnüm seni», hor topary bolsa kompozitor R.Rejebowyň şahyr A.Gurbanowyň  «Bahar geldi» atly goşgusyna döreden aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Dutarçylar topary «Pyragy» diýen sazy, bagşylar ansambly «Garagöz gelin» diýen halk aýdymy, halk saz gurallary ansambly «Oba tansy», «Kamarinskaýa» atly rus halk sazlary, dana Pyragynyň goşgusyna döredilen «Uýat eýleýir» atly aýdym, skripkaçylar topary «Şahrizada», «Ştorm» ýaly sazlar bilen konserti bezediler.

Ady şekillerinde ýaşaýar

19-njy aprelde Mary welaýat kitaphanasynyň sungat bölüminde Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan Wekilbazar etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurmuhammet Kadyrow, Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Muhammetjuma Hydyrow dagylar ýurdumyzda we ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden tanalýan halypa nakgaş Aýhan Hajyýyewiň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olar nakgaşyň döreden nusgawy şahyrlarymyz Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň kanoniki portretleri barada aýratyn durup geçdiler. Ussat nakgaş Aýhan Hajyýewiň durmuş we nusgalyk sungat ýoly baradaky täsirli çykyşlar söhbetdeşlige gatnaşan okuwçylarda uly täsir galdyrdy. 

«Magtymguly sözlär tili türkmeniň»

Şeýle at bilen 22-nji aprelde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Muhammetguly Kasymow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Nurgözel Gozlyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy Gunça Annanyýazowa dagy Magtymguly Pyragynyň çuň manyly döredijiligi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, ýaşlary ene dilimiziň baý hazynasyny inçeden öwrenmeklige höweslendirmek, olaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek barada täsirli gürrüň berdiler. Şeýle-de duşuşykda ýaşlara türkmen diliniň arassalygyny saklamak, gadymy sözleriň manysyny düşünd

Nesil terbiýesinde kitaplaryň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli ýaşlary terbiýelemäge uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ýöredýän milli gymmatlyklary, asylly ýörelgesi bar. Türkmen halky asylly ýörelgeleriň esasynda hem milli terbiýäni kemala getiripdir. Nesil terbiýesi, olaryň kämil şahsyýet-ler bolup ýetişmegi hemişe hem esasy maksat bolupdyr. Şunda pederlerimiziň paý-hasly sözlerine, nakyllara, çeper edebiýata hem uly üns berilýär. Nakyllar we paý-hasly sözler terbiýe mekdebidir, kämilligiň gözbaşydyr. Nesil terbiýesinde ylym-bilimiň, kitabyň uly orun tutýandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem, ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmaklary üçin alada edipdirler, bilim we terbiýe bermegiň nusgalyk ýoluny kemala getiripdirler. Şunda görelde mekdebi, edep-terbiýe, şeýle hem kitap okamagy endik etdirmek esasy ugurlaryň biri bolupdyr. Aslynda hem, gadymdan gelýän halkymyzyň şöhratly taryhynda meşhur kitaplar, ajaýyp eserler diýseň köp bolupdyr. Şunda akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň, geçmişde uly yz goýan alymlarymyzyň hyzmatyny aýratyn bellemek gerek. Bu alymlaryň we akyldarlaryň irginsiz zähmeti, zehin başarnygy netijesinde taryhy kitaplar köp ýazylypdyr, dünýä ýaýradylypdyr. Bu hem öz döwründe ylym-bilimiň ösmegine, nesilleri terbiýelemäge oňat täsirini ýetiripdir.

Aý­han Ha­jy­ýe­wiň dö­re­di­ji­li­gin­de zenan dünýäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýar. Döwletimiz tarapyndan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler ýola goýulýar. 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän şygryndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy beýik akyldara ägirt uly hormatyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň keşbini döredip, şekillendiriş sungatynyň taryhynda uly yz goýan ussat türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy hem şu ýyl uly ruhubelentlige beslenip bellenip geçiler. Aýhan Hajyýewiň eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Ol 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Onuň sungat älemine aralaşmagyna ejesi itergi berýär. Oglunyň çagalykdan surat çekmäge bolan höwesine üns berip, onuň zehinini ösdürmek maksady bilen, ony çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdebiň sungat bölümine okuwa ugrukdyrýar. Onuň 13 ýaşyndaka «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly çeken suraty çagalar suratlarynyň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Ilkinji üstünliginden ruhlanan Aýhanda özüne ynam döräp, surat çekiş tilsimlerini barha kämilleşdirmäge çalyşýar.

Ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da «Go­çak» nagşy

Sungat jemgyýetiň aňyna örän uly täsir edýär. Ilkidurmuş adamlary şekillendiriş sungaty arkaly daş-töweregi gurşaýan ähli zatlary suratlandyrmagy başaryp bilipdirler. Asman jisimleriniň, haýwanlaryň, ösümlikleriň we dürli geometrik şekilleriň üsti bilen adamlaryň aňy barha kämilleşip, amaly-haşam sungatynda nagyşlaryň sazlaşykly ösüşi ýüze çykypdyr. Gadymy döwürlerde adamlaryň nagyşlary nyşan ýa-da hat hökmünde şertli belgileriň üsti bilen beýan etmekleri olaryň dünýägaraýşyny kesgitleýär. Nagyşlar – geometrik şekillerden durupdyr. Haç-atanak, üçburçluk, inedördül, romb, sekizburçluk, ösümliklerden: bag, gül, ýaprak, haýwan şekillerinden: dag tekesi, goçuň şahy, ýylan, guşlaryň dürli görnüşleri, olaryň belli bir beden agzalary haşam görnüşe salnyp, nagyş hökmünde ulanylypdyr. Bularyň nagşa geçirilen görnüşleri türkmen halylarynyň we egin-eşikleriň el bejergilerinde duş gelýär. Bu şekilleriň her biri aýratyn manyny aňladypdyr.

Halkyň beýik danasy

TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisiniň 2024-nji ýyly tutuş türki dünýäde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, dana akyldaryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi şahyryň ýubileý toýy bilen bagly dabaralary halkara derejä çykarýar. Häzirki döwürde hem her türkmen öýünde Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary bar, goşgulary okalýar, ýaş nesillere şol şirin dilli şygyrlaryň öwüt-ündewleri bilen terbiýe berilýär. Magtymguly atamyzyň şygyrlary şirin sözüň çuňňur paýhas bilen sünnälenen heýkelidir. Ol türkmen halkynyň şol döwürdäki syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny hem-de akyldar şahyryň geljege-geçmişe nukdaýnazaryny ussatlarça açyp görkezýär. Beýik söz ussadynyň paýhasly pikirleri diňe türkmen halkyna däl, tutuş adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýol görkeziji şamçyragy bolup durýar. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde zamanasynyň hem halkyň wepaly ogly hökmünde ýaşan döwrüniň ähli taraplaryny ölmez-ýitmez eserlerinde şöhlelendiripdir. Ol halkyna öwüt-ündew arkaly öz garaýşyny bildirmek isläpdir, «bildigiçe ýagşy sözläp», adamlara maslahat bermek bilen «özünden soňkular

Pyragynyň adyny dünýä ýaýyp gelen ýyl

Dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanjak 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, bu şygaryň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan gözbaş almagy halkymyzyň söze, şygryýete, edebiýata goýýan belent hormatyndan nyşan. Heniz sallançagynda uklap ýatan perzendini söz bilen hüwdüläp, ýagty geljek hakdaky arzuw-dilegleri bilen terbiýeleýän pederlerimiz sözüň, kitabyň güýjüne pugta ynanypdyrlar. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelýän ownukly-irili meseleleriň çözgüdine ýetmek üçin hemişe akyldar şahyryň şygyrlaryna ýüzlenip gelipdir. «Berkarar döwlet istärin» diýip köňül isleglerini beýan eýlän dana Pyragynyň arzuwlary bu gün berkarar döwletimizde myradyna gowuşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Biz dünýä halklarynyň edebiýatymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, milli ýörelgelerimiz bilen içgin tanyşmaklary, döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip belleýär. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramas

Sungata baglanan ömür

Sungat — jadyly dünýä. Onuň ynsan ruhuna edýän täsiri-de üýtgeşik. Sungata bolan söýgi ynsan ogluna berlen ylahy peşgeş hasaplanýar. Özüne ýapylan zehin serpaýyny yhlas bilen kämilleşdirip, halka ýetirmegi başaran adam bolsa bagtdan paýlydyr. Ömrüni saz sungatyna bagyşlan şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Berdinyýaz Rejepmedowdyr. Berdinyýaz Rejepmedow 1943-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde dogulýar.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy al­tyn çeş­me­si

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Be­ýik Ýü­pek ýo­ly di­ňe bir söw­da ýo­ly bol­man, dün­ýä ta­ry­hyn­da Gün­do­gar we Gün­ba­tar me­de­ni­ýet­le­ri­ni öza­ra bag­la­nyş­dyr­ýan wa­jyp bag­la­ny­şyk­la­ryň bi­ri­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ker­wen ýol­la­ry ar­ka­ly di­ňe se­na­gat önüm­le­ri däl, eý­sem alym­la­ryň yl­my mi­ras­la­ry, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, açyş­la­ry, ho­ja­lyk üs­tün­lik­le­ri we aý­dyň hü­när ösü­şi­niň syr­la­ry ýaý­ra­dy­lyp­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da mil­li ta­ry­hy­myz­dan, ga­dy­my çeş­me­ler­den al­nan par­ça­lar, bo­lup ge­çen wa­ka­lar, döw­le­ti­mi­ziň hä­zir­ki za­man dur­mu­şy be­ýan edil­ýär.

Sungata siňen ömür

«Halypa mugallymyň okadyp goýberen şägirtleri häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýärler we kämilleşýärler. Halypa mugallym Türkmenistanyň halk artisti, aýdymçy Atajan Berdiýew, zehinli kompozitor, pianinoçy Maral Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, kompozitor Jemal Reýimowa ýaly şägirtleri ýetişdirdi». Men synp otagymda oturyp, okuwçylaryň özüme bakýan ünsli we bilesigeliji nazarlaryny synlaýaryn. Ol göreçlerde meniň bilen özleri üçin gaýtalanmajak saz dünýäsiniň gapysyny açjakdyklaryna bolan ynam bar.

Köýnekçesin etsem zerden

Ussat zergär Aýjemal Çaryýewa bedew bilen bagly tema yzygiderli ýüzlenýän zenanlaryň biri. Onuň ussahanasyna baranymda, ilki bilen, ony bahar günleriniň öňüsyrasynda gyzjagazy Mähribanyň dünýä inmegi bilen gutladym. Ol şägirdi Altynjemal bilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görüp, täze «Wepaly bedew» diýen işe gerek galyňlykda düýplük ýasap oturan eken. Altynjemal halypasynyň diýýän işlerini ýerine ýetirýärdi. Ol gerekli kümşi eredip, gaba guýdy, soňra ýasylap ýörite zergärçilik byçgysy bilen oýma-kesme işlerini etdi. Men:

«Sumbar» owazlananda

Meger, onuň sesi başgaça, has üýtgeşik çyksa gerek. Çünki baryp, geçen asyryň segseninji ýyllarynda türkmen halk döredijiligini, milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýan «Sumbar» halk folklor topary ruhy atamyzyň göbek gany daman mukaddes toprakda ýerleşýär. Türkmen topragynyň iň gözel ýerinde, Sumbar jülgesiniň asman boýlaýan dag-düzleriniň, owadan baýyrlarynyň, läle-reýhan sähralarynyň goýnunda ösüp-ulalan şahyr, tebigatyň jadyly dünýäsinden ylham alyp, ajaýyp eserleri döredipdir. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri asyrlaryň dowamynda elden-ele, dilden-dile geçip, bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly atamyzyň ylahy zehininden dörän şygyrlar şirin mukam bolup, dünýä dillerinde has belentden ýaňlanýar. Bu günki gün:

77-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da «Al­tyn pal­ma» baý­ra­gy­na da­laş­gär film­ler mä­lim edil­di

Ki­no sun­ga­ty­nyň iň esa­sy film fes­ti­wal­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän Kann ki­no fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­gyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Şu ýy­lyň 14–25-nji ma­ýy ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek 77-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­rak bo­lan «Al­tyn pal­ma» 19 film da­laş­gär gör­ke­zil­di. Fran­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ken­ten Dýup­ýo­nyň «Ikin­ji akt» (Le deuxième acte) fil­mi bi­len açyl­jak fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga da­laş­gär gör­ke­zi­len e­kran eser­le­ri­niň ara­syn­da us­sat re­žiss­ýor Fran­sis Ford Kop­po­la, Ýor­gos Lan­ti­mos, And­rea Ar­nold, De­wid Kro­nen­berg, Žak Odiar, Ali Ab­ba­si, Pol Şra­der, Ki­rill Se­reb­ren­ni­kow, Pao­lo Sorrentino hem-de Szýa Çžan­ke ýa­ly bel­li re­žiss­ýor­la­ryň su­ra­ta dü­şü­ren soň­ky ki­no­la­ry hem bar.

«Akylly» şäherde ýaşajyk zehinleriň joşguny

Düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde her ýyl guralýan bu gözden geçiriliş şu ýyl ýurdumyzyň «akylly» şäherinde ilkinji gezek geçirilýär. Bäsleşigiň baş maksady umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň zehinine goldaw bermekden, milli aýdym-saz sungatynyň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmekden, ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Täze şäherde ilkinji gezek geçirilýän aýdym-saz bäsleşigi bolsa joşgunly konserte öwrüldi. Onda ýaşajyk zehinler ajaýyp sahnada çykyş edip, arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle döredijilik bäsleşikleri synaglardyr başlangyçlar, täze gözlegler üçin meýdança bolup, ýaşlary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar.

Körpeleriň kämilligi – baş maksadymyz

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň biri hem daşary ýurt dillerini öwrenmekdir. Biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda iňlis dili düýpli öwrenilýär. Ýurdumyzyň çagalar baglarynda körpeler iňlis dilini 4-5 ýaşlarynda öwrenip başlaýarlar. Iňlis dilini degişli maksatnama laýyklykda özleşdirseler, onda çagalaryň sözleýiş endikleri ösýär, söz baýlygy artýar. Şonuň üçin körpelere iňlis dili boýunça okuw maksatnamasynyň talabyna laýyk bilim bermek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda okatmagyň öz usuly aýratynlyklary bar. Ol aýratynlyklar sapagy usuly taýdan dogry guramak, çagalaryň ünsüni özüňe çekmek, sapaklary oýun esasynda alyp barmak, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmak, okuw görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelerden ybaratdyr. Şonuň üçin mugallym sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmekde oýunlaryň peýdasy uludyr. Dil öwretmekde oýunlaryň uly ähmiýetiniň bardygy pedagogikada subut edilendir.

«Kompozitor» medeni ojaklarda

8 — 14-nji aprel aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda, «Watan», «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap Medeniýet öýlerinde «Kompozitor» filminiň görkezilişi boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Kompozitor» atly täze filmi gysga wagtyň içinde halkyň söýgüsini gazandy. Filmde ýaş nesliň terbiýesi we ösüşi üçin möhüm ruhy-ahlak gymmatlyklary beýan edilýär. Aýratyn-da, maşgala agzybirligi, jebisligi açylyp görkezilýär. Şonuň üçinem oňa ilkinjiler bolup, okuwçylar we talyp ýaşlar tomaşa etdiler. Filmde baş gahryman öz dogduk mekanynyň tebigatyndan, maşgala däp-dessurlaryndan we türkmen kompozitorlyk mekdebiniň baý mirasyndan ylham alyp, täze saz döredýär, okuwçylara bilim berýär. Filmde ähli wakany saz gürrüň berýär.

Şöhratly geçmişden röwşen geljege uzaýan ýol

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby şanly taryhymyza, maddy we ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa bolup, halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Bu eseriň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda çapdan çykmagy onuň ähmiýetini, many-mazmuny has-da artdyrdy. Kitaby okanyňda, gadymy Änewiň umumadamzat medeniýetiniň ösüşinde möhüm orny eýeländigi baradaky gymmatly maglumatlar hem-de gülläp ösýän şäheriň şu güni bilen tanyş bolýarsyň. Ajaýyp eseriň  «Gadymy Änewiň täsinligi» atly babynda şäheriň binagärlik ýadygärlikleri, «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bolsa TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä boýunça dabaraly bellenilmeginiň taryhy wakalar bolup, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýändigi barada gürrüň edilýär. Şundanam görnüşi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ýaşlarda şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.  Bu kitap muzeý işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Sebäbi gadymy medeniýete şaýatlyk edýän milli mirasymyz muzeýlerde aýawly saklanýar. Suwarymly ekerançylygyň gadymy ojagynyň ýerleşýän ýerinde Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň açylmagy,

Ösüşleriň ruhy güýji

Döwletimiz ähli ugurlarda taryhy üstünliklere eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanyp, ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Munuň gözbaşynda durýan hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Täze taryhy eýýamda medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp döwrümize mynasyp derejede kämilleşýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin ähli şertleri döredýändigine ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berilýän medeni maksatly desgalaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, aýdym-saz, döredijilik merkezleri ajaýyp zamanada ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten derejesiniň aýdyň nyşanydyr. Döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler geçirilýär. Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary ol ýerlere baryp, medeniýetli dynç alýarlar.