Elektron kitaphanalar — döwrüň derwaýyslygy

24 Iýul 2024
246

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ösüşlere beslenýän täze taryhy eýýamda ýurdumyzda kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň... işini kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza işjeň ornaşmagy bilen, kitaphanalaryň işinde hem bu ugurda zerur çäreleriň görlendigini bellemek gerek.

Ylmy we çeper eserleriň elektron nusgalaryny elýeterli etmek işleri häzirki wagtda giň gerimde dowam etdirilýär. Dürli edebiýatlaryň giň toplumyna eýe bolan elektron kitaphanalaryň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň resmi saýtlarynyň binýadynda hereket edýändigi hem guwandyryjydyr. Şeýle kitaphanalaryň maglumat bermek hyzmatyny doly üpjün etmäge we seýrek kitaplaryň elýeterli bolmagyna ýardamy uludyr. Medeniýetimizi, milli mirasymyzy ösdürmekde, kitaphana işini kämilleşdirmekde, sagdyn ruhly, maksada okgunly ýaşlary terbiýelemekde olaryň orny örän ýokarydyr. Maglumatlaryň bir bitewi elektron binýady bolsa ýurdumyzdaky merkezi kitaphanalary birleşdirýär. Okyjylar hem Diýarymyzyň islendik künjeginde olaryň gaznasyndan peýdalanyp bilýärler.

Güljemal ŞIRIÝEWA,
Türkmenbaşy şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar