Umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasy

24 Iýul 2024
366

Halkymyzyň gadymdan gelýän baý milli mirasy, taryhy, edebiýaty bar. Şol gymmatlyklaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýän nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary her bir okyjynyň kalbyny nurlandyrýar. Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işleri bitiren şahyrdyr. Akyldar tutuş adamzada gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýupdyr. Onuň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Olar okyjylaryň ürç edip okaýan kitaplarynyň hatarynda durýar. Magtymguly Pyragy — özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgelden şahyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň hem altyn hazynasydyr.

Sefura TUWAKGYLYJOWA,
welaýat kitaphanasynyň usulçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar