"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. ...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Milli aýdym-saz sungaty — nesilleriň ylham çeşmesi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Milli aýdym-saz sungaty — nesilleriň ylham çeşmesi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Şirwan perdeler owazlananda

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar türkmen dutarynyň şabram şelpelerinden çykýan şirin mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ajaýyp döwrümizi, bagtyýar zamanamyzy belentden wasp etdiler. Biz hem bu bäsleşikde owazly aýdym-sazlary bilen, Şa serpaýyna mynasyp bolan bagşy-sazandalaryň birnäçesiniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Dutaryň owazy — köňülleriň ylhamy

24-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zehinli dutarçy bagşy-sazandalary joşgunly döredijilige ruhlandyrýan bu çärä onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazananlar uly buýsanç bilen geldiler. Bu çäräniň dabaraly açylyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Bu bäsleşik, adyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýýar. Aýdym-saz — halkymyzyň ýürek şatlygynyň owazy. Ata-babalarymyz eşretli durmuş baradaky mukaddes arzuwlaryny aýdym-saz bilen amal edipdirler.

Sahna eserleriniň bäsleşigi: Balkan welaýaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesindäki çäreler ýokary guramaçylykly geçirilýär. Akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligine bagyşlanan täze sahna eserleriniň, kinofilmleriň onlarçasy döredildi. Olarda dana Pyragynyň döredijiliginiň adamzat ähmiýeti, şahyryň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsi, il-gününiň ykbalyna baglanan pelsepewi oýlanmalary, şeýle hem Magtymgulynyň ömür-döredijiligi barada alymlar tarapyndan ýüze çykarylýan täze maglumatlar sahna sungatynyň üsti bilen wasp edilýär. Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dabaralandyrmak maksady bilen, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi dowam edýär. Ýakynda bu döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry hem ýokary guramaçylykly geçirilip, oňa welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň 11-si gatnaşdy.

Kitaphanaçylar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kitaphanalaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy, türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynda ýokary ruhubelentlikde guralan bäsleşige şäherdir etraplardan kitaphanaçylar gatnaşdylar. Welaýat Medeniýet müdirligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan dabarada kitaphanaçylar usuly gollanma taýýarlamakda, dananyň şygyrlaryny labyzly okamakda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Şonuň ýaly-da, olaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp etmek, ýylyň şygarynyň ähmiýetini beýan etmek, işiň aýratynlygyny açyp görkezmek boýunça teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallarda eden çykyşlaryna seljerme berlip, ýeňijiler kesgitlenildi. Netijede, Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow birinji, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulbagt Amangeldiýewa ikinji, Murgap etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Läle Zakirowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik we höweslendiriji sowgatlary hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşury

Çagalar ýylgyrsa, dünýä ýylgyrýar

19-22-nji awgustda paýtagtymyzda guralan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilmek bilen, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalary gatnaşdylar. Forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy bilelikde gurady. Halkara sergi-ýarmarkasyna BMG-niň çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem gatnaşdy.

Pyraga bagyşlanan sergi

Toýly Çopanow, «Magtymguly Hindistanda». * * *

Medeni habarlar

Magtymgulynyň mirasy Moskwada 21-nji awgustda Moskwa şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert geçirildi. «Dostlary jemleýäris» atly XVIII Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasy tarapyndan guralan bu medeni çärä ýurdumyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň 3-nji we 4-nji çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlary, aýdymçy-sazandalary gatnaşdylar.

Pursatlar

Suratda: Bahargül Kerimowa, Margarita Farajewa, Şemşat Hojaýewa we Nabat Nurmuhammedowa. Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa, Türkmenistanyň halk artisti Nabat Nurmuhammedowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurjemal Adyýewa, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Sülgün Meretgeldiýewa öz döwründe türkmen aýdym-saz sungatynda uly yz goýan zenan bagşylardyr.

Sirk sungaty

Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy binalarda tegelek görnüşdäki diňlere duş gelmek bolýar. Belki-de, biziň ýurdumyzda ýerleşýän Nusaý galasyndaky tegelek diň döwründe imperatorlyk derejesine ýeten Parfiýada häzirki ahalteke bedewleriniň nesilbaşysy bolan parfiýa atlary bilen tomaşa görkezilen binanyň galyndylarydyr?! Munuň şeýle bolmagynyň mümkindigini alymlar tassyklaýarlar. Teatr, sirk sungaty parfiýa atlary bilen şöhratlanan bolmagy ahmaldyr. Diýmek, ajaýyp ahalteke atlarymyz miladydan öňki III asyrdan bäri sungat bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup gelýär. Ine, bu gün Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň bina edilmegini kanunalaýyklyk hasaplasa bolar. Bu ýerdäki sirk hem ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýär. Sirk 3 gatdan ybarat bolup, çykyşlary görkezmäge niýetlenen meýdançasynyň diametri 13, ýerden ýokary nokadyna çenli aralyk 26 metr. Binanyň esasy aýratynlygy nal şekilindeligidir. Sirkiň içinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman enjamlardyr tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sirk tomaşalaryny göwnejaý guramaga mümkinçilik berýär. Sirkiň tomaşaçylara niýetlenen ýerleri 10 bölümçä bölünip, merkezi girelgäniň çep we sag taraplarynda çykyşlara tomaşa etmek üçin oňaýly şertler döredilen. Bellenilmeli ýene bir tarapy, bu sirk dünýäniň iri halkara bäsleşiklerinde 5 gezek ýeň

Aýdymlary — köňülleriň keşdesi

Ajaýyp owaza ýugrulan aýdymlary diňlesek, göwnümiz göterilip, aýdym-saza bolan söýgimiz öňküsinden-de artýar. Bu bolsa aýdym-saz sungatynyň jadyly güýjünden, şirin owazlaryň süýjüliginden habar berýär. Biziň söhbetdeşimiz hem şirin aýdymlary köňülleriň keşdesine öwrülen, joşgunly gazallary döwrümiziň belent ruhuna ýugrulan mahmal owazly aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa. Ol indi birnäçe ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy bolup işläp gelýär. Söhbetdeşligimiz aýdym-saz sungatyna gelşi dogrusyndaky sowalymyza onuň şeýle jogap bermegi bilen gyzyşyp ugrady. — Mende aýdym aýtmak höwesi 6-7 ýaşlarymda döredi. «Eý, mekdebim, jana-jan» diýen aýdymy islendik ýaşdaky ynsan diňlände, biygtyýar mekdep ýyllaryny ýatlaýar. Ýöne bu aýdym meniň dünýämde mekdep ýyllary bilen birlikde, sungat ýolumyň gözbaşy hökmünde orun alypdyr. Sebäbi aýdymy 1-nji synpda okaýarkam, mekdebimizde geçirilen baýramçylyk çäreleriniň birinde ýerine ýetiripdim. Ilkinji çykyşymdaky tolgunyşym, mugallymlarymyň berekellamy ýetirmegi şu günki ýaly ýadymda. Ondan öňem doganym Annabikäniň aýdýan aýdymlaryny diňlänimde, aýdym aýtmaga höwes edýärdim. Ýerine ýetiren ilkinji aýdymymdan soň-a kalbymyň sungata bolan söýgüsi öňküsinden-de artdy. Aýal dogany

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler biri-birine ulaşýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi hem şeýle tutumly çäreleriň biri boldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirilip, oňa etrap-şäherleriň teatr toparlary öz sahna eserleri bilen gatnaşdylar.

Sungatymda döwürleriň waspy bar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegine, dünýä ýaýylmagyna giň ýollar açyldy. Watanymyzyň, döwrümiziň, gazanylýan uly ösüşleriň waspynyň medeniýetimizde we sungatymyzda öz mynasyp beýanyny tapýandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Özüniň gadymylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy we täzeçilligi bilen dünýäniň sungaty öwrenijileriniň, döredijilik işgärleriniň ünsüni özüne çekmegi başaran medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň ýeten belent derejeleriniň özi wasp edilmäge mynasypdyr. Bu ulgamyň taryhyny we häzirki gülläp ösýän döwrüni beýan edýän täze kitaplaryň tapgyrlaýyn kitaphanamyza gelýändigini we olary ýaşlarymyzyň uly gyzyklanma bilen okaýandyklaryny bellemek gerek.

Göwünleri galkyndyrýan joşgunly tanslar

Beýik işleri bilen ata Watanymyzy taryhy ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünliklere medeniýet we sungat işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar» diýmek bilen, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleriniň çekýän zähmetlerine örän ýokary baha berýär. Bize berýän şeýle ýokary bahasy, döredip berýän nusgalyk şert-mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär we çekýän zähmetimiziň has-da netijeli bolmagy üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys. Häzirki wagtda ýurdumyzda sungatyň uly üns berilýän we barha giň gerime eýe bolýan görnüşleriniň biriniň tans sungaty bolmagy talyplara şol ugurdan sapak berýändigim üçin meni örän guwandyrýar, buýsandyrýar. Biziň mekdebimizde hem tans sungatynyň ösmegine goşant goşmak, ýaş zehinli tansçylaryň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Mekdebimiziň talyplaryndan düzülen «Bagtyýarlyk» tans topary indi birnäçe ýyl bäri şanly seneler mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, konsertlerde yzygiderli çykyş edip gelýär. Talyplarymyzyň joşgun bilen ýerine ýetirýän türkmen milli tanslary tomaşaçylaryň göwünlerinden turýar, çäreleriň şowhunyny artdyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň esasy maksady hem halkyň göwnünden turup, onuň sagbolsunyna mynasyp bolmakdan ybaratdyr.

Ýene bir umman bar

(«Magtymgula eltýän ýollar» atly makalalar toplumyndan) — Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär.

«Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my:

Huan Ramon Himenes (1881 — 1958)

Älem içre adam gezmez, at gezer...

Halk arasynda: «Gudrat göreý diýseň, daglara bar» diýen ýörgünli jümle bar. Dogrudanam, daglarda täsinlik köp. Diňe daglaryň däl, eýsem, dag etekleriniň hem gudraty ýeterlik. Indi biz dag tarapa göz aýlanymyzda, ol ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň äpet heýkelini görýäris. Pyragynyň paýhas kämilligi daglaryň gudraty bilen utgaşyp, täsin bir sazlaşygy emele getirýär. Bu gün daglaryň etegine, Pyragynyň huzuryna seýil-seýrana bardym. ...Şol gün tebigat bolubilenini bolupdy. Ýaz ýagşy, birde, edil enemiň aýdyşy ýaly, gögüň gözi açylana meňzäp guýsa, birde maýdaja damjalar ýüzüňi mylaýym sypap gidýärdi. Şol barmana ýalpyldap çykan älemgoşaram tebigatyň bu görküne haýran galana meňzeýärdi. Baýyrlaryň ýaşyl öwüsýän keşbinde ýazyň has görkana gelendigi görünýärdi. Bu pursat gerişleri merjen-lagla gaýra dur diýdirýän daglaryň oý-hyýallaram sagy-soly gurşap alan wakalardan üzňe däl ýalydy.

Döwürleriň danasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini belende göteren şahsyýetlerimizi düýpli öwrenmäge, umumadamzat bähbitli eserlerini gorap saklamaga, halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmaga aýdyň ýol açylyp, uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen topragy watansöýüji şahsyýetleriň mekany. Şol beýik şahsyýetler watanperwer ýörelgeleri, il-ýurt bähbitli işleri bilen atlaryny taryha altyn harplar bilen ýazdyrypdyrlar. Watansöýüji şahsyýetleriň arasynda ady parlak ýyldyz bolup lowurdaýan dana şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan paýhas ummany umumadamzat jemgyýeti üçin haýyrlydyr. Gündogaryň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden çuň manyly şygyr eserleri, şol döwrüň nusgalyk gymmatly ýol-ýörelgesidir. Şahyryň eserleri durmuşda päk, halal ýaşamagy we ynsanperwerligi ündeýär. Söz ussadynyň dürli temadan ýazan şygyrlary durmuş akymynyň has-da güýçlenmegine getirýär. Umumadamzat bähbitli goşgularynyň üsti bilen öňe sürýän pikir-ideýalary arkaly özüni dünýä tanadan söz ussadyna halkara jemgyýetçiligi uly hormat-sarpa goýýar.