Dutaryň owazy — köňülleriň ylhamy

25 Awgust 2024
185

24-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zehinli dutarçy bagşy-sazandalary joşgunly döredijilige ruhlandyrýan bu çärä onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazananlar uly buýsanç bilen geldiler.

Bu çäräniň dabaraly açylyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Bu bäsleşik, adyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýýar. Aýdym-saz — halkymyzyň ýürek şatlygynyň owazy. Ata-babalarymyz eşretli durmuş baradaky mukaddes arzuwlaryny aýdym-saz bilen amal edipdirler.

Taýýarlan Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar