Aýdymlary — köňülleriň keşdesi

21 Awgust 2024
111

Ajaýyp owaza ýugrulan aýdymlary diňlesek, göwnümiz göterilip, aýdym-saza bolan söýgimiz öňküsinden-de artýar. Bu bolsa aýdym-saz sungatynyň jadyly güýjünden, şirin owazlaryň süýjüliginden habar berýär. Biziň söhbetdeşimiz hem şirin aýdymlary köňülleriň keşdesine öwrülen, joşgunly gazallary döwrümiziň belent ruhuna ýugrulan mahmal owazly aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa. Ol indi birnäçe ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy bolup işläp gelýär. Söhbetdeşligimiz aýdym-saz sungatyna gelşi dogrusyndaky sowalymyza onuň şeýle jogap bermegi bilen gyzyşyp ugrady.

— Mende aýdym aýtmak höwesi 6-7 ýaşlarymda döredi. «Eý, mekdebim, jana-jan» diýen aýdymy islendik ýaşdaky ynsan diňlände, biygtyýar mekdep ýyllaryny ýatlaýar. Ýöne bu aýdym meniň dünýämde mekdep ýyllary bilen birlikde, sungat ýolumyň gözbaşy hökmünde orun alypdyr. Sebäbi aýdymy 1-nji synpda okaýarkam, mekdebimizde geçirilen baýramçylyk çäreleriniň birinde ýerine ýetiripdim. Ilkinji çykyşymdaky tolgunyşym, mugallymlarymyň berekellamy ýetirmegi şu günki ýaly ýadymda. Ondan öňem doganym Annabikäniň aýdýan aýdymlaryny diňlänimde, aýdym aýtmaga höwes edýärdim. Ýerine ýetiren ilkinji aýdymymdan soň-a kalbymyň sungata bolan söýgüsi öňküsinden-de artdy. Aýal doganym bilen okuwymdan daşgary Gyýanlydaky medeniýet öýüniň aýdym-saz gurnagyna gatnaýardym. Ol ýerde bize Annatuwak Gurbannyýazow halypalyk edýärdi.

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar