"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Raýat hukuklarynyň esaslaryny berkidip

Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilip, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy boldy. Şunlukda, ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasynda bellenen düzgünlerdir ýörelgelere, Adam hukuklary hakynda ählumumy Jarnama, Baş Assambleýanyň we beýleki düzümleriň halkara resminamalaryna, esasy konwensiýalaryna eýermegi özüne borç edinip aldy. Şondan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda gurama bilen hyzmatdaşlygyň gerimi yzygiderli giňeldilip, ol milli hem umumadamzat bähbitlerine doly laýyk gelýär. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolup, hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bilen netijeli gepleşikleri geçirmegi özara gatnaşyklarda täze tapgyryň başyny başlady. Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda döwlet Baştutanymyz ählumumy howpsuzlyga, sebit ýagdaýlaryna, durnukly ösüşe, ynsanperwer meselelere üns bermegi strategik dialogyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi. Hakykatdan-da, dünýäniň aýry-aýry sebitlerinde dartgynly ýagdaýlaryň dowam edýän häzirki şertlerinde ynsanperwer meseleler boýunça oýlanyşykly çözgütleriň tapylmagy örän uly zerurlyk bolup öňe çykýar. Şunda gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi, bu babatda gatnaşyklaryň

Sahawatlylygyň mübärek nury

Bilşimiz ýaly, yslam dininiň bäş parzynyň biri bolan haj parzyny berjaý etmek üçin ýurdumyzdan köp sanly zyýaratçy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Saud Arabystanyna iberildi. Ýakynda zyýaratçylar dini däpleri, keramatly ýerlere haj parzyny berjaý edip, sag-aman ýurdumyza dolanyp geldiler. Biz hem mukaddes Käbä zyýarat eden ildeşlerimiziň buýsançly ýürek sözlerini gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik. Begmyrat HAÝTYÝEW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy:

«Arkaç» — çagalaryň köňül küýsegi

Şatlykly tomsuň häzirki günlerinde çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde köpçülikleýin dynç alýarlar. Şonuň bilen bir hatarda, seýilgählerdir beýleki dynç alyş ýerleri-de çaga gülkülerine, şatlyk-şowhuna beslenýär. Paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi gysga wagytda iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Döwrebap toplumda çagalaryň hem-de uly ýaşlylaryň wagtyny hoş geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilipdir.

Dynç alyş şadyýan geçsin!

Häzirki günlerde çagalaryň tomusky dynç alyş döwri dowam edýär. Olaryň bir topary dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolup, günlerini şadyýan geçirýär. Dynç alyş merkezlerinde bolýan çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini gazanmak möhüm meseleleriň biridir. Terbiýeçilerdir beýleki işgärler ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmäge we olary ýerine ýetirmäge borçludyrlar. Olar ýangyn dörän halatynda çagalary halas etmek hem-de ýangyna garşy göreşmek boýunça özlerine bagly ähli zerur çäreleri görmelidirler. Munuň üçin ýangyn dörän halatynda çagalary we maddy gymmatlyklary halas etmegiň, ýangyna garşy göreşmegiň meýilnamasy işlenilip düzülmelidir hem-de onda her bir işgäriň ýerine ýetirmeli borçlary we wezipeleri görkezilmelidir.

Tomsuň taýsyz tagamy

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň we ulularyň buzgaýmak, sowadylan miwe şerbetlerine bolan islegi barha artýar. Howanyň yssy mahallarynda buzgaýmak bedeniňi sowatmaga ýardam berýär. Ýöne bu süýji tagamyň başga-da peýdaly taraplary kändir. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, buzgaýmagyň ýadawlygyňy aýyrmakda, dartgynlylygy ýeňip geçmekde-de ähmiýeti uludyr. Bilşimiz ýaly, bu tagam süýtden hem-de gaýmakdan taýýarlanylýar. Olaryň düzümindäki triptofan beýni öýjüklerini rahatlandyrýar. Şähdiňi açýar, ukyňy kadalaşdyrýar. Buzgaýmagyň daşy, köplenç halatda, şokoladly bolýar. Şokoladyň keýpiňi göteriji, gan basyşyňy kadalaşdyryjy güýje eýedigini bellemek hökmanydyr. Gippokrat hem şokoladyň «ýaltalygy bejerýändigini» aýdyp geçipdir.

Ismiň düşmüş ilden-ile

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çeper söze hormaty belent halkymyz dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belleýär. Şanly toýuň dabaralary bu günki gün älem içre ýaň salyp, halklaryň edebi we medeni ýakynlygyny has-da berkidýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Saparyň çäklerinde doganlyk döwletiň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy şanly ýylyň dabaralary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Gahryman Arkadagymyz dabarada eden çykyşynda: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär» diýip bellemek bilen, beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýetini nygtady. Ýeri gelende bellesek, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda doganlyk döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bilen birlikde, gazak halkynyň görnükli şahsyýetleriniň biri Kurmangazy  Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Paýtagtymyzda gazak şahyry Abaý

Ruhy-ahlak ýörelgeler dabaralanýar

Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mübärek Gurban baýramy günlerinde ýurdumyzyň zyýaratçylarynyň uly topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde boldular. Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny, asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen bu dessurlary berjaý etmäge giden zyýaratçylaryň hatarynda welaýatymyzdan ildeşlerimiziň hem birnäçesi bar. Abdykerim ÝUSUPOW,

«Gülüň owadan!»: bäsleşigiň welaýat tapgyry

Güllerden görk alan gözellik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde döwrüň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň golaýda welaýat tapgyry geçirildi. TZB-niň welaýat bölüminiň guramagynda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna deslapky tapgyrda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Zenanlaryň kalby deýin mylaýym ruha beslenen, olaryň on barmagynyň oýnamyndan dörän inçeden çeper el işlerinden görk alan ajaýyp görnüşler çykyşlar bilen özboluşly sazlaşdy.

... Barsam, Käbäni görsem

Ynsanperwerlik ýörelgeleri Golaýda haj parzyny berjaý etmek maksady bilen Saud Arabystanynda bolan zyýaratçylar Watanymyza dolanyp geldiler. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular.

Kadalary berjaý etmek möhümdir

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil barada edýän aladalaryndan ugur alyp, ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe göwnejaý dynç almaklaryny guramak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde suwa düşülýän ýerlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek barada aýratyn bellenip geçilýär. Howanyň yssy günlerinde çagalar suwa düşüp, wagtlaryny şadyýan geçirmäge çalyşýarlar. Olara suwa düşülende berjaý edilmeli howpsuzlyk düzgünleriniň bardygyny-da ýatlatmak her birimiziň borjumyzdyr. Suwa ýörite bellenen, rugsat berlen ýapgyt kenarly, çägesöw ýerlerde düşülmegi amatlydyr. Suwa düşülmezinden öň gowy ýüzüp bilýänleriň biri düşüljek ýeriň — suwuň aşagyny oňat barlap, ol ýerde daş, aýna bölekleriniň, agaç kötükleriniň we beýleki howply zatlaryň ýokdugyny gözden geçirmeli, kenarlardan, köprülerden suwa bökmegiň howpludygyny düşündirmeli.

Algyn pendim, jigerbendim!

Sabyr — üstünligiň açary Ynsan ömri durmuşyň dürli ýollary bilen gabatlaşýar. Ol ýollarda adamy diňe sabyrlylygy myradyna we menziline ýetirip biler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýmesinde-de şol hikmet bardyr. Dürli ynsan ykballary, durmuş ýollary hakynda okaýan kitaplarymyz, eşidýän gürrüňlerimiz, görýän kinofilmlerimiz bize sabyrly ýaşamagy, ýagny umytly ýaşamagy öwredýär. Umyt bolsa sabry döredýän güýçdür.

Şadyýan döwür

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomsuň ilkinji günlerinde okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki köpsanly sagaldyş-dynç alyş merkezleri mähirli garşylady. Ösüp gelýän nesillerimiziň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin ýurdumyzda döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Ynha, şeýle mümkinçilikleriň biri — tomus möwsüminde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri we öz deň-duşlary bilen sazlaşykly hereketde bolmaklary üçin gözel Gökderede we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde jana melhem tebigatyň goýnundaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde gyzgalaňly döwür dowam edýär. Dürli ýaşdaky çagalaryň arasynda döredijilik, sport, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu çäreleriň, bäsleşikleriň netijesinde çagalaryň häsiýetlerinde köpçülige uýgunlaşmak, bir maksada agzybirlik bilen gulluk etmek ýaly oňat häsiýetler kemala gelýär.

Giň dünýäniň geň habarlary

Titan kuby Awstraliýanyň Melburn tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleri üç ölçegli çap ediji enjamda howa we älem gämileriniň gurluşygynda peýdalanyljak «Titan kuby» diýlip atlandyrylan çylşyrymly materialyň täze görnüşini taýýarladylar. Onuň gözenek-gözenek gurluşy materiala düşýän basyşyň we agramyň derejesini peseltmekde ähmiýetlidir. Bu tehnologiýany häzirki wagtda lukmançylykda emeli süňk düzüm bölekleriniň önümçiliginde hem peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Hemmämiziň borjumyz

Biziň ählimiz ýurdumyzyň gözel tebigatynda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris we olary birin-birin ýerine ýetirmegi endik etmelidiris. Şu wajyp wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy maslahatlary bilen ildeşlerimize ýüzlenip, şulary ýatladýar. Tebigatymyzyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri we sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek gadagandyr. Şeýle hem, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermegiň, awtoulaglary ot-çöpli meýdanlara salmagyň, awtoulaglara tehniki hyzmatlary geçirmegiň ýangynyň döremegine getirýändigini unutmaň! Hormatly ildeşler! Ýangyny gören ýa-da duýan wagtyňyz, howsala düşmän, öýjükli ykjam el telefonyňyzdan 001 belgä jaň edip, habar bermegi ýatdan çykarmaň! Biziň hemmämiz Watanymyzyň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna jogapkärdiris.

Geçmişimizi sarpalap

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Agamyrat Akmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň esgerleri bilen Nusaý taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Mertlik, watansöýüjilik, geçmişimize beýik söýgi döretmekde uly ähmiýeti bolan gezelenjiň dowamynda bu ýeriň geçmişde beýik medeniýetiň ojagy bolandygy hakynda söhbet edildi. Öz döwründe dürli aýratynlyklary bilen tapawutlanan bu künjegiň alymlaryň ünsüni henizem özüne çekip gelýändigi hakynda aýdyldy we ýadygärlik bilen baglanyşykly gyzykly sowal-jogaplar alşyldy. Didar KUWATOW, maýor.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň berk bedenli, ösen aň-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň işgärleri bilen bilelikde ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ady agzalan dynç alyş merkeziniň, şeýle-de «Demirýolçy», «Şöhle», «Çeşme» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň çagalarynyň arasynda dürli oýunlar bilen utgaşyklylykda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bäşleşik geçirildi. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen ýagdaýlar boýunça sowal-jogap alyşmak, ikinji tapgyrda bolsa, welosipedli päsgelçiliklerden geçmek boýunça özara ýaryşdylar. Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde 1-nji orna «Altyn ýyldyz», 2-nji orna «Çeşme», 3-nji orna «Demirýolçy» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň çagalary mynasyp bo

Ýaşlar syýasatynyň gadamlary

Tutumly işleriň bady artýar Ajap eýýamymyzda ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde uly işler bitirilýär. Şu syýasatyň çäklerinde türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe bermekde, hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerinde giň mümkinçilikler döredilýär. Abadan geljegimiziň eýeleri boljak türkmen ýaşlary hakda alada üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da giň gerime eýe bolýar. Şunda türkmen ýaşlaryna Garaşsyz, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde uly ynam bildirilýär.

Halkara ylmy maslahat

Geljegiň energiýasy — täze maksatlar Ata Watanymyzda peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda energetika pudagynyň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Muňa ýakynda welaýat kitaphanasynda geçirilen “Gaýtadan dikeldilýän energiýa geçiş — geljegiň energiýasy” atly halkara ylmy maslahat doly şaýatlyk edýär.

Sarpasy belent şahyr

Eziz Watanymyzyň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gözel Diýarymyz gülleýär, gül açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim — paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn sarpa goýulýar. Şahyryň ölmez-ýitmez eserlerini halkymyz dilden-dile, nesilden-nesle geçirip gelipdir. Gahryman Arkadagymzyň şahyry hormatlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy akyldara goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Asudalygyň goragynda

Berk talap bildirilýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halky abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde adam hakyndaky alada raýatlaryň kanuny hukuklarydyr azatlyklarynyň ygtybarly goralmagy bilen sazlaşykly utgaşýar.