Bagtyýar çagalygyň mekany

10 Iýul 2024
270

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň berk bedenli, ösen aň-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň işgärleri bilen bilelikde ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ady agzalan dynç alyş merkeziniň, şeýle-de «Demirýolçy», «Şöhle», «Çeşme» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň çagalarynyň arasynda dürli oýunlar bilen utgaşyklylykda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bäşleşik geçirildi.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen ýagdaýlar boýunça sowal-jogap alyşmak, ikinji tapgyrda bolsa, welosipedli päsgelçiliklerden geçmek boýunça özara ýaryşdylar. Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde 1-nji orna «Altyn ýyldyz», 2-nji orna «Çeşme», 3-nji orna «Demirýolçy» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň çagalary mynasyp boldular. Ýeňijiler sowgatlar bilen sylaglandylar we özleriniň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, kämil aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar