Dynç alyş şadyýan geçsin!

10 Iýul 2024
290

Häzirki günlerde çagalaryň tomusky dynç alyş döwri dowam edýär. Olaryň bir topary dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolup, günlerini şadyýan geçirýär. Dynç alyş merkezlerinde bolýan çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini gazanmak möhüm meseleleriň biridir. Terbiýeçilerdir beýleki işgärler ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmäge we olary ýerine ýetirmäge borçludyrlar. Olar ýangyn dörän halatynda çagalary halas etmek hem-de ýangyna garşy göreşmek boýunça özlerine bagly ähli zerur çäreleri görmelidirler.

Munuň üçin ýangyn dörän halatynda çagalary we maddy gymmatlyklary halas etmegiň, ýangyna garşy göreşmegiň meýilnamasy işlenilip düzülmelidir hem-de onda her bir işgäriň ýerine ýetirmeli borçlary we wezipeleri görkezilmelidir.

Toýly ÝAGMYROW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 516-njy ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar