"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Röwşen geljege barýan aýdyň ýollar

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn netijeleri bilen watandaşlarymyzyň her birini guwandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda diňe bir umumymilli we sebitleýin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeler, ösüşler ata Watanymyzyň at-abraýyny belent derejelere göterýär, halkymyza bagtyýar durmuşy, buýsançly we şanly wakalary bagyş edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ösüşiň aýdyň ýolunyň güwäsidir. Bu resminamalarda göz öňünde tutulan çäreler halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryň geljek ýedi ýylda üstünlikli dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar.

Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi

Ykdysadyýetimiziň ösüp barýan ugurlarynyň biri bolan ätiýaçlandyryş ulgamynyň hyzmatlarynyň görnüşleri gün-günden artýar, onuň hereket edýän düzgünleri we kadalary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda müşderiler üçin ätiýaçlandyryşyň «Hususy notariusyň hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş», «Poçta ugratmalaryny meýletin ätiýaçlandyryş», «Auditoryň hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş», «Fiziki şahslar welosiped sürende (ulananda) betbagtçylykly hadysalardan we raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş» görnüşleri işlenip taýýarlanyldy. Adamlaryň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenlisi welosiped ulanýar. Onda ýüze çykan betbagtçylykly hadysalarda ätiýaçlandyryşyň şu görnüşinde ätiýaçlandyryş halatynyň aşakdaky ýaly ýetiren zyýanlarynyň öwezi dolunýar: — welosiped sürlende betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň janyna ýa-da saglygyna zyýan ýetmegi, maýyplyk almagy ýa-da aradan çykmagy;

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallara döreýän amatly pursatlarda uzak pikirlenmän, herekete geçmek maslahat berilýär. Käbir ýüze çykjak wakalaryň size geçmiş bilen bagly ýatlamalary gaýtaryp bermegi mümkin. Meselelere oňat tarapyndan seretmek olary çözmegiň ilkinji ädimidir.

Watansöýüjilik duýgusyny kämilleşdirýän eser

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdan şöhratly taryhymyz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda möwç urýan watansöýüjilik duýgusyny kämilleşdirmekde möhüm orny eýeleýär. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçmiş taryhymyzy, medeni mirasymyzy ylmy taýdan düýpli öwrenmek, dünýä ýaýmak, geljekki nesiller üçin aýawly saklamak babatda alyp barýan ägirt uly işlerinde mynasyp beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem bu ugurda nusgalyk işleriň biridir. Giň okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolan kitap gadymy Änew medeniýeti, bu ugurda toplanylan taryhy maglumatlar, şol sanda häzirki wagtda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Şunda taryhy ýazuw çeşmeleriniň, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa hem-de geografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň täzeçe pikir-garaýyşlar, halk arasyndaky gadymy rowaýatlardyr tymsallar bilen sazlaşykly utgaşyklylykda beýan edilmegi aýratyn täsir galdyrýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şöhratly geçmiş taryhymyz baradaky çuňňur garaýyşlaryny, giň gözýetimini açyp görkezmek bilen, eseri okan her bir okyjynyň watansöýüjilik duýgusyny ösdürýär. Bu bolsa, öz nobatynda, röwşen geljegimize gönükdirilen ägirt uly taryhy tutum

Döwrümiziň gül-gunçalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan çagalar barada uly alada edilýär. Olaryň ylymly, bilimli, edep-terbiýeli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen bir hatarda, körpeleri terbiýelemegiň öňdebaryjy tejribeleri, bilim bermegiň häzirki zaman usullary giňden ornaşdyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär. Bular ýaş nesliň geljekde eziz Diýarymyzy ösüşlere beslejek, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri baradaky belent maksady öz içine alýar. Durmuşymyzyň gül-gunçalaryna deňelýän çagalar hakyndaky alada Watanymyzyň geljegi baradaky aladadyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň bilim ulgamynda nesilleriň döwrebap bilimine, terbiýesine berilýän üns gitdigiçe artýar. Özleri hakynda edilýän aladanyň, amala aşyrylýan işleriň gadyr-gymmatyna düşünýän, Watana, halka wepaly nesli kemala getirmek maşgalada ata-eneleriň, bilim-terbiýe ojaklarynda terbiýeçileriň, mugallymlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Şonuň üçinem biz çagalar bagymyza gatnaýan körpelere berýän terbiýämizde taryhy maglumatlardan, edebi mirasymyzdan giňden peýdalanýarys. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary, «Paýhas çeşmesi» kitaby, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri bize ýol görkeziji gollanma bolup hyzmat edýär.

Sagdyn durmuş — ýörelgämiz

Ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine, jemgyýetimiziň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilip amala aşyrylýan işler halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli ajaýyp işleri, döwletli başlangyçlary netijesinde eziz Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Beýik ösüş-özgerişliklere beslenýän ajaýyp zamanamyzda geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri jemgyýetimize peýdaly, ylym-bilimli, arassa ahlakly adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak bolsa, her birimiziň asylly zähmetimize bagly. Jemgyýetimizde berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek, ýaş nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen, halk köpçüliginiň we ýaşlaryň arasynda düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ýaşlara ýurdumyzyň ösüşleri, olaryň döwrebap bilim almaklary we döredijilikli işlemekleri üçin döredilýän şert-mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Ýaşmagym — ýaraşygym

Dynç günüdi. Obada özüm bilen bile ösüp-ulalan, häzirki wagtda bir şäherde ýaşaýan obadaşym toýuna çagyrypdy. Hemişeki endigim boýunça, ilki bilen, toýa gelen eneler bilen salamlaşmak üçin dört gatly jaýyň öňündäki meýdançada tutulan ak öýe girdim. Meni ýitirip tapan ýaly garşylan, ejem bilen deň-duş zenanlaryň ýanynda oturdym. Salymyny bermänem, elleri çäýnek-käseli uzyn boýly gelinler salam berip, gapydan girdiler. Toý lybasynda birkemsiz bezenip-beslenen gelinleri tanamasam-da, olaryň agyzlaryndaky ýaşmaklarynda nazarym eglendi. Ýaşmaklary olara üýtgeşik ýaraşyk berýärdi. Ýaşmak ýaşynmagyňam dürli görnüşleri bar. Ýurdumyzyň hemme ýerinde ýaşmak ýörgünli bolsa-da, biziň günbatar sebitimizde ol özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Täze alnan gelin tä ilkinji bäbegi dünýä inýänçä, gaýyn öýünde uly ýaglykda bürenip gezýär.

Tomus pasly dowam edýär

Tomus — 2024 Her paslyň özüne ýetik aýratynlygy, gözelligi bar. Güýz paslynda howa salkynlap, dürli miweler, ir-iýmişler ýetişýän bolsa, gyş özüniň ak gary bilen älem-jahany nura besläp, hemmä şatlyk paýlaýar. Bütin tebigaty janlandyryp, al-elwan gülleri bilen ýürekleri joşdurýan bahar paslyny ynsan balasynyň nähili garşylaýandygyny bolsa düşündirjek bolup oturmagyň hajaty ýok. Onuň yzysüre gelýän tomus pasly bolsa dynç almak, saglygyňy berkitmek üçin iň oňat mümkinçilikleri özünde jemleýär.

«Gara altynda» balalarymyz bagtyýar

Çagalyk döwri hezilliklerden doly. Şeýle hezillikleriň biri-de çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaş nesilleriň dynç alyş möwsümini ýurdumyzyň gözel künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirmekleri üçin ähli şertler bar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, bagtyýar balalara gapysyny giňden açdy. Bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alşyny ýatda galyjy we gyzykly geçirmeklerini gazanmak üçin ähli tagallalar edilýär. Körpeler üçin döredilen amatly şert-mümkinçilikler diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ata-eneleriňem buýsanjyny artdyrýar. Birnäçe ýyl bäri hereket edip gelýän merkezde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 400 çaga dynç alyp bilýär.

Watan — pederleriň baky mirasy

Ata Watanymyz Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär, halkara abraýyny pugtalandyrýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar edýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Parahatsöýüjilikli ýörelgeler bolsa goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp eserinde: «Ýaragly Güýçlerimiziň harby kuwwaty parahatçylyga gulluk etmäge gönükdirilendir» diýip belleýär. Munuň özi goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esaslarynyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulandygyny alamatlandyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserindäki: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler» diýlen çuňňur many-mazmuna beslenen sözler bize bildirilen uly ynamyň nyşanydyr, Watan goragy ýaly mukaddes borjy ak ýürekden berja

Medeni maksatly dabaralar

Häzirki wagtda polkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çägindäki harby bölümlerde dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görýän harby gullukçylaryň ruhuny galkyndyrmak, dynç alyş günlerinde olaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen dabaraly çäreler, şeýle-de dürli mazmunly döredijilik bäsleşikleri guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda geçirilýän şeýle dabaralarda serkerdeleriň watançylyk ähmiýetli söhbetleri, esgerleriň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertlik, gaýduwsyzlyk hakyndaky şygyrlaryny okap bermekleri dabara gatnaşýan her bir harby gullukçynyň kalbynda belent watansöýüjilik duýgusy bilen şöhlelenýär. Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylykdyr. Onuň türkmen topragynda özbaşdak döwlet gurmak baradaky taglymlary «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gürgeniň» ýaly watançylyk şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Watany mukaddeslik derejesine götermek, ony gözüň göreji deý goramak Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, döwet galamyndan çykan dürdäne kitaplarynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň as

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary

Halkymyzyň ata-babalarymyzyň watanperwerlik, adamkärçilik, ula-kiçä hormat goýmak ýaly asylly däplerine wepaly bolup gelendigi inkär edip bolmajak taryhy hakykatdyr. Hoşniýetlilik, birek-biregiň pikirine hormat goýmak, ýagşy işleriň şowlamagy üçin agzybirlikde zähmet çekmek ýaly ýörelgeleriň gymmaty bu gün halkymyzyň durmuşynda ýaşuly nesle geňeşmek ýaly asylly edim-gylymlaryň berjaý edilmegi bilen has-da pugtalandyrylýar. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, ýakynyňa yzzat etmek, myhmanparazlyk ýaly ynsany bezeýän ajaýyp sypatlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş pelsepesidir. Ynha, şol şöhratly ýörelgeleri özüne nusga edinýän hormatly Prezidentimiziň adyl syýasaty bolsa, belent ynsanperwerligiň ýurt derejesindäki aýdyň ýüze çykmasyna öwrülip, kalplara buýsanç bolup dolýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, mundan müňlerçe ýyl ozal Oguz han atamyz bir ojagyň başynda döwre gurap, beýik döwleti dolandyrmagyň düzgünlerini sala salmak arkaly kämilleşdiripdir. Gorkut ata zamanynda türkmen begleri islendik meselede bir başa garap, agzybirlikde geňeşipdirler. Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Togrul begdir Çagry beg Beýik Seljuk döwletini döredende, Mäne baba ýaly pirleri, il-ulusy çagyryp, maslahat edip, geljekki döwletiň binýadyny gurupdyr. Bu günki gün hem Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ýurdunda bir supranyň başyna jem bolup, Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadag

AZYK HOWPSUZLYGY – DÖWRÜŇ TALABY

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri we BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy «Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak», «Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek» ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidigini mälim etdiler.

Bagta barýan ajap günler

Üstümizdäki ýylyň ýeňişli ýoly rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. 2024-nji ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly wakalary bilen dabaralanýar. Bilşimiz ýaly, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabarasy dag aşan uly toýy üstümizdäki ýylyň şanly wakasy boldy. Halkara derejesinde toýy uludan tutulan bu şanly sene beýik şahyrymyzyň belent sarpasy bolup ýaňlanýar. Şu sene mynasybetli welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda dabaraly çäreler, ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşyklary we edebiýat agşamlary guramaçylykly geçirilýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp guralýan çärelerimiz akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr.

Hünäriniň ussady

Kesbi bilen tanalýan halypa Kärini söýýän we oňa uly sarpa goýýan ynsanlaryň aramyzda bardygy, diýseň, buýsançly. Ol adamlaryň gylygy we häsiýeti şol söýen käri bilen gabat gelýär. Şeýle adamlaryň gürrüňem, özüni alyp barşam seni özüne çekýär. Olaryň biri-de Baýramaly etrabynyň Göksuw obasynda ýaşaýan Allaberdi Sapargeldiýewdir.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Setirlerini nakyl edip... Garagumda Halap, Seýrap aralykda örüdekäk “Çöldäkiler üçin konsert” diýip Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdym berdiler. Ora çopan tä konsert gutarýança “çölden çykyp gitdi-de, bagşylaryň ýanynda oturdy”. Özüne gelensoňam: «Bu sözleri şahyryň kalbyna Ýaradanyň özi ýollaýar eken. Hakdan halatly jenneti kişileriň ady ebedi-dä” diýip, çöküne düşüp, şahyryň ruhuna aýat okady. Soňam: «Biziň-kä eşitmiş. Ýöne Mary topragynda-da Magtymgulynyň aýak yzy, gadam tozy galypdyr diýýärler” diýip, şu wakany süýjedip gürrüň beripdi...

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Meşhur bagşy we onuň körpe ogly Geleni geçirip duran bu pany dünýäde öçmejek yz goýup giden, ýurdumyzda giňden tanalýan jöwher pähimli mirasgär, öňki SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp bolan, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin işini tamamlasa-da, goramaga ýetişmän dünýäden gaýdan, ussat pedagog Ümür Esenow maňa burkazlaryň bäş bagşysy hakynda ýazgyn diýip sargapdy. Ümür aganyň aýdan şol bäş bagşysynyň biri meşhur Girman bagşynyň kakasy, «burkaz bagşy” diýip at alan, 1870-nji ýylda doglup 1943-nji ýylda dünýeden gaýdan Ýagşysähet Aly sopy ogly bolmaly.

Şadyýan tomus — 2024

Şatlykly pursatlara beslenýär Tomus paslynda ähli mekdep okuwçylary tomusky dynç alşa çykýarlar. Olar oňat dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuwçylaryň göwnejaý dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, ajaýyp seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa çagalaryň oňat dynç almagyny üpjün edýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Zähmeti goramagyň kadalary Türkmenistanyň Zähmet kodeksi guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şu Kodeksde zähmeti goramagyň kanunçylyk kadalary kesgitlenendir. Kodeksiň 171-nji maddasynda bellenilişi ýaly, zähmeti goramak — munuň özi zähmet işiniň barşynda işgärleriniň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamydyr. Muňa hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we beýleki çäreler hem-de şertler girýär.

Asudalygyň goragynda

Wajyp wezipä goşandymyz Geljekki abadançylygymyz şu günki yhlas-tagallalarymyzdan gözbaş alýar. Bu mesele ertirimiziň eýeleri boljak ýaş nesli terbiýelemek bilen baglydyr. Ösüp gelýän nesle edep-terbiýe bermekde içeri işler edaralarynyň degişli gullugynyň işgärleriniň paýyna jogapkärli wezipe düşýär.