«Gara altynda» balalarymyz bagtyýar

31 Iýul 2024
133

Çagalyk döwri hezilliklerden doly. Şeýle hezillikleriň biri-de çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaş nesilleriň dynç alyş möwsümini ýurdumyzyň gözel künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirmekleri üçin ähli şertler bar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, bagtyýar balalara gapysyny giňden açdy. Bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alşyny ýatda galyjy we gyzykly geçirmeklerini gazanmak üçin ähli tagallalar edilýär. Körpeler üçin döredilen amatly şert-mümkinçilikler diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ata-eneleriňem buýsanjyny artdyrýar. Birnäçe ýyl bäri hereket edip gelýän merkezde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 400 çaga dynç alyp bilýär.

Oguljennet ANNAGELDIÝEWA.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar