Röwşen geljege barýan aýdyň ýollar

31 Iýul 2024
159

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn netijeleri bilen watandaşlarymyzyň her birini guwandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda diňe bir umumymilli we sebitleýin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeler, ösüşler ata Watanymyzyň at-abraýyny belent derejelere göterýär, halkymyza bagtyýar durmuşy, buýsançly we şanly wakalary bagyş edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ösüşiň aýdyň ýolunyň güwäsidir. Bu resminamalarda göz öňünde tutulan çäreler halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryň geljek ýedi ýylda üstünlikli dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar.

Perman MYRADOW,
welaýat gümrükhanasynyň «Köneürgenç» gümrük nokadynyň uly gözegçisi, maýor.
Beýleki habarlar