"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

G7 Merkezi Aziýa ma­ýa goý­mak­çy

G7 ýurt­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­na 200 mil­liard dol­la­ra çen­li ma­ýa goý­ma­ga ta­ýyn­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ga­za­gys­tan şeý­le ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ryn­dan bi­ri­dir. BMG-niň ha­bar ber­şi ýa­ly, bu ba­ra­da ABŞ-nyň Glo­bal inf­rast­ruk­tu­ra we ma­ýa go­ýum­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň ýö­ri­te ut­gaş­dy­ry­jy­sy He­lai­na Mat­za Ga­za­gys­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da aýt­dy. Hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy mak­sa­dy, dün­ýä­de azyk we ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek­dir. Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, G7 ýurt­la­ry – Ka­na­da, Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa we ABŞ 2027-nji ýy­la çen­li ös­ýän ýurt­la­ra 600 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şo­lar­dan 200 mil­liard dol­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa üçin ni­ýet­le­nen­dir.

Ma­du­ro ýe­ňiş ga­zan­dy

28-nji iýul­da We­ne­sue­la­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da hä­zir­ki döw­let Baştutany Ni­ko­las Ma­du­ro ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, Ma­du­ro üçün­ji al­ty ýyl­lyk möh­le­te gaý­ta­dan saý­lan­dy. Bu ba­ra­da We­ne­sue­la­nyň Mil­li saý­law ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy El­wis Amo­ro­so ses be­riş­lik­den soň mä­lim et­di. Saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ma­du­ro­ny 5 mil­li­on 150 müň 92 saý­law­çy ýa-da ses be­ren­le­riň 51,2 gö­te­ri­mi gol­da­dy. Ma­du­ro­nyň esa­sy bäs­de­şi, sag­çy par­ti­ýa­lar­dan da­laş­gär Ed­mun­do Gon­sa­les bol­sa, 4 mil­li­on 445 müň 978 saý­law­çy­nyň ýa-da ses be­ren­le­riň 44,2 gö­te­ri­mi­niň se­si­ne eýe bol­dy. Saý­law­çy­la­ryň 4,6 gö­te­ri­mi bol­sa, beý­le­ki se­kiz da­laş­gä­re ses ber­di. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 59 gö­te­rim bol­dy. Saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan da­laş­gär 2025-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da ýur­duň tä­ze Pre­zi­den­ti hök­mün­de ka­sam ka­bul eder.

Har­ris saý­law­la­ra gat­naş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di

ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Ka­ma­la Har­ris şu ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň saý­law­la­ry­na De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan da­laş­gär­lik et­mek­çi­di­gi­ni res­mi taý­dan mä­lim et­di. «Men De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy Ka­ma­la Har­ris, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­lik ed­ýä­rin» di­ýip, X jem­gy­ýet­çi­lik ul­ga­myn­da­ky ak­ka­un­dyn­da ýaz­dy. Şeý­le hem Ka­ma­la Har­ris ýö­ri­te wi­deo­ro­li­gi­ni hem ýaý­ra­dyp, ýur­duň ra­ýat­la­ry­ny kam­pa­ni­ýa­sy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge ça­gyr­dy. ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti go­laý­da De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri bol­mak üçin özü­niň ze­rur gol­da­wa eýe­di­gi­ni mä­lim edip­di. Par­ti­ýa­nyň kong­re­si­niň 2538 de­le­ga­ty hem Har­ri­siň da­laş­gär­li­gi­ni ma­kul­la­dy. De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan da­laş­gär­li­gi­ňi öňe sür­mek üçin azyn­dan 1 müň 976 de­le­ga­tyň gol­da­wy­ny al­ma­ly.

ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy ko­mi­te­ti­niň Nýu-De­li­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Ita­li­ýa­da­ky Ap­pi­ý ýo­ly Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu Ita­li­ýa­nyň çä­gin­dä­ki ab­raý­ly sa­na­wa go­şu­lan 60-njy desgadyr. Mi­la­dy­dan öň, 312-nji ýyl­da Ap­piý Klaw­diý Se­kiň per­ma­ny bi­len gur­lan Ap­piý ýo­ly öz döw­rü­niň ösen in­že­ner­lik des­ga­sy bo­lup­dyr. Ol Ri­me öz çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, soň­ra Ri­mi Gre­si­ýa, Mü­sür we Ki­çi Azi­ýa bi­len bir­leş­dir­ýän mö­hüm söw­da ýo­lu­na öw­rül­ýär. Ap­piý ýo­ly Ita­li­ýa­nyň 70-den gow­rak ilat­ly no­ka­dyn­dan, 15 se­ýil­gä­hin­den, 12 şä­he­rin­den we 4 se­bi­tin­den geç­ýär. Ýo­luň ug­run­da dür­li dö­wür­ler­den ga­lan aram­gäh­ler we wil­la­lar, şeý­le-de il­kin­ji iu­deý we hris­ti­an ýer­ze­min­le­ri sak­la­nyp ga­lyp­dyr.Mun­dan baş­ga-da, Ma­laý­zi­ýa­da­ky Mil­li Ni­ah se­ýil­gä­hi­niň go­wak­la­ry­nyň ar­heo­lo­gi­k mi­ra­sy, Ger­ma­ni­ýa­da­ky Şwe­rin re­zi­den­si­ýa­sy­nyň an­samb­ly, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da­ky Al-Fau ar­heo­lo­gi­k zo­la­gy­nyň me­de­ni land­şaf­ty, Ru­my­ni­ýa­da­ky iki ýer – «Rim im­pe­ri­ýa­sy­nyň ser­het­le­ri – Da­ki­ýa» we Tyr­gu-Žiu şä­he­rin­dä­ki Bran­ku­zi ýa­dy­gär­lik top­lu­my, şeý­le-de Rus­si­ýa­nyň Ar­han­gelsk se­bi­tin­dä­ki «Go­rag­ly Ke­no­zer­ýe» me­de­ni land­şaf­ty ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­n

«We­ro» tö­leg hyz­ma­ty ýo­la go­ýul­dy

ABŞ-nyň «Visa» we «Mas­tercard» ýa­ly tö­leg bo­ýun­ça ägirt­le­ri­niň Ýew­ro­pa­da tä­ze bäs­de­şi peý­da bol­dy. «Eu­ro­news»-iň ýaz­ma­gy­na gö­rä, tä­ze «We­ro» hyz­ma­ty eý­ýäm sarp edi­ji­le­riň kö­pü­si üçin el­ýe­ter­li. «We­ro» – ýe­ke-täk san­ly tö­leg hyz­ma­ty bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­lip, Ýew­ro­pa­nyň 16 ban­ky­nyň we ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ul­ga­my bo­lan Ýew­ro­pa­nyň Tö­leg Baş­lan­gy­jy (EPI) ta­ra­pyn­dan en­çe­me ýyl­lap do­wam eden işi­niň ne­ti­je­si­dir. San­ly gap­jyk eý­ýäm bar bo­lan «Payconiq» we iDEAL ul­gam­la­ry­na esas­lan­ýar. Ol müş­de­ri­le­re di­ňe te­le­fon bel­gi­si­ni ula­nyp, Ýew­ro­pa­da­ky beý­le­ki ula­ny­jy­la­ra pul ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. In­di hal­ka­ra bank ha­sa­by­nyň ko­dy bo­lan IBAN-yň hem ze­rur­ly­gy ýok. «We­ro»-nyň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan bi­ri hem pul iber­me­giň we al­ma­gyň tiz­li­gi­dir.

Gaý­ta­dan kanslerlige da­laş et­mek­çi

Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Olaf Şols 2025-nji ýy­lyň mil­li saý­law­la­ryn­da ikin­ji möh­le­te da­laş et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy. Ýö­ne ony Ger­ma­ni­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň (GSDP) res­mi taý­dan hö­dür­le­me­gi esa­sy şert bo­lup dur­ýar. – Men ýe­ne-de kans­ler­li­ge da­laş et­mek­çi – di­ýip, Olaf Şols Ber­lin­de gu­ra­lan met­bu­gat ýyg­na­gyn­da mä­lim edip, GSDP-niň örän ag­zy­bir par­ti­ýa­dy­gy­ny nyg­ta­dy. – Bi­ziň hem­mä­miz gel­jek­ki fe­de­ral saý­law kam­pa­ni­ýa­sy­na gat­na­şyp, ýe­ňiş ga­za­na­rys – di­ýip, Şols bel­le­di.

Pe­zeş­ki­an ka­sam ka­bul et­di

30-njy iýul­da mej­li­siň bi­na­syn­da Eý­ra­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­kia­nyň ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Pe­zeş­ki­an par­la­ment we­kil­le­ri­niň, Kons­ti­tu­si­ýa­nyň go­rag­çy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň we ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ka­sam ka­bul et­di. Bu da­ba­ra 80-den gow­rak ýurt­dan ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar, şol san­da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy. Da­ba­ra­ly çä­re Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­sy­nyň ýaň­lan­ma­gy we mu­sul­man­lar üçin mu­kad­des ki­tap – Gur­han okal­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Il­kin­ji söz Eý­ra­nyň içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň baş­ly­gy Ah­mad Wa­hi­dä be­ril­di. Ol öz çy­ky­şyn­da ýurt üçin tä­ze şöh­rat­ly döw­rüň baş­lan­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip, «şu gün­ki gün äh­li eý­ran­ly­la­ryň je­bis­li­gi­ni gör­kez­ýän gün» di­ýip bel­le­di. Soň­ra ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy Go­lam Hos­seýn Moh­se­ni-Ejei ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, tä­ze Pre­zi­den­tiň öz hal­ky­na hyz­mat edip, ýur­duň ösü­şi­ne go­şant goş­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ýe­li­za­we­ta II port­re­ti auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­sy Maýkl Jek­son ta­ra­pyn­dan çe­ki­len mer­hum bri­tan Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II port­re­ti auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Port­re­te 10 müň dol­lar ba­ha ke­sil­di. Auk­si­on 3-nji aw­gust­da me­ýil­leş­di­ril­ýär we gir­de­ji­niň bir bö­le­gi ha­ýyr-sa­ha­wa­ta gö­nük­di­ri­ler. Dün­ýä­niň iň meş­hur mo­da bren­di. «Lyst» sel­je­riş plat­for­ma­sy 2024-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gi­niň je­mi bo­ýun­ça iň meş­hur mo­da brend­le­ri­niň sa­na­wy­ny hö­dür­le­di. Bi­rin­ji or­ny «Loe­we» is­pan mar­ka­sy eýe­le­di. Ol bu babatda Ita­li­ýa­nyň «Miu Miu» bren­di­nden öňe geçdi. Li­der­le­riň üç­lü­gi­ne «Pra­da» hem gir­di. Il­kin­ji bäş­li­gi «Saint Lau­rent» we «Bot­te­ga Vene­ta» brendleri jem­le­di.

Me­de­ni­ýe­te we sun­ga­ta gol be­ren

Halkymyzda «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» ýa-da «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýen pähimler ýöne ýere aýdylmandyr. Bu ýagdaý hut Agamyradyň durmuşyna-da mahsus bolupdy. Agamyrat Baltaýew bilen meniň tanyşlygym 1992-nji ýylda açylan Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolup geçipdi. Men şol ýyl institutyň «Drama teatrynyň režissýory» bölüminde gaýybana okap başlapdym. Şonda Agamyrat biziň toparymyzy «Köpçülik çärelerini guramak» sapagyndan okadýardy. Soňra men telewideniýäniň režissýorlygyndan «Türkmenfilm» birleşigine işe gelmeli bolupdym. Meniň wezipäme kino düşýän artistlere, kino düşürmek üçin rugsat alyp bermek hem girýärdi. Munuň üçin bolsa Medeniýet ministrligine ýüz tutmaly bolýardy. Bir gün hem ministrlikde teatrlara we tomaşa jaýlaryna jogap berýän bölümde, Agamyrada duşaýmanmy, görüp otursam ol şol bölümiň müdiri wezipesinde işleýän eken, şeýdip biz Agamyrat bilen kärdeş bolup gidiberdik. Şondan soň meniň kalbymda Agamyradyň täsin ykbaly barada okyjylar köpçüligine ýetirmek höwesi döredi. Agamyradyň kakasy hünäri boýunça ýol gurluşykçy bolsa-da, aýdym-sazdan habarly bolupdyr, şygryýet, çeper sungat bilen meşgullanypdyr. Dessanlaryň ençemesini ýatdan bilip, suhangöýligi bilen toýlarda märekä hyzmat edipdir. Halka ruhubelentlik paýlan tebigy zehinli ynsan bolupdyr. Agamyradyň ejesi Altyn daýza dokuz ogul, bir gyz – on çagany dünýä inderip, ola

Dün­ýä paý­ha­sy­nyň çe­me­ni

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­den hy­ýa­ly­ňa gel­ýän se­tir­ler dün­ýä akyl­dar­la­ry­nyň, alym­la­ry­nyň ru­hy mi­ra­sy­nyň gym­ma­ty­nyň nä­de­re­je­de ýo­ka­ry­dy­gy­ny yk­rar ed­ýär. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ryn­da öz döw­rü­ne çen­li ýa­şap ge­çen bel­li şah­sy­ýet­le­riň dö­re­di­ji­li­gi­ne ýüz­le­nil­ýär, akyl­dar­la­ryň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­na oky­jy­nyň ün­si çe­kil­ýär. Şeý­le­lik­de, türk­men di­li­niň söz baý­ly­gy­nyň ma­ny öwüş­gin­li­li­gi­ne, sö­züň asyl­ky ma­ny­sy­nyň akyl­dar­la­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de şol bir ma­ny­sy­ny sak­lap ga­lan­dy­gy­na göz ýe­tir­mek müm­kin. Ga­dy­my Gün­do­ga­ryň us­sat fi­lo­so­fy, alym akyl­da­ry Omar Haý­ýam­da şeý­le se­tir­ler bar: Me­niň ta­ra­pym­dan Haý­ýa­ma sa­lam,

ARKADAG ÝYLDYZY ASMANDA – ARKADAG ŞÄHERI ZEMINDE ŞÖHLE SAÇÝAR

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tu­tu­lan uly toý-da­ba­ra­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň, je­bis­li­gi­mi­ziň, ga­zan­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň be­genç-buý­sanç­ly be­ýa­ny­na öw­rül­di. Şat­lyk­ly toý gü­nün­de as­man ji­sim­le­ri­ni öw­ren­ýän «Kos­mos-Ýer» jem­gy­ýe­tin­den älem gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýyl­dyz­la­ryň bi­ri­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy il­deş­le­ri­mi­ziň baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny has-da art­dyr­dy. Mu­nuň özi älem-ja­ha­nyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len bu aja­ýyp kün­jek­de ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­re bil­dir­ýän buý­san­jy­nyň öz­bo­luş­ly şöh­le­len­me­si­dir. Älem gi­ňiş­li­gin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan as­man ji­si­mi­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan gü­wä­na­ma­nyň, şeý­le-de te­les­ko­pyň we onuň dü­şü­ren su­rat­la­ry­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­ne gow­şu­ryl­ma­gy bol­sa, Ar­ka­dag­ly eý­ýa­my­myz­da älem­şy­nas­ly­gyň ös­me­gi üçin uly iş­le­riň yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­mek bi­len, bu ugur­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­ri tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy. Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly baş

Dün­ýä­niň iň uly sta­dio­nlarynyň biri bolar

Sa­ud Ara­bys­ta­ny no­bat­da­ky me­ga-tas­la­ma­sy­ny yg­lan et­di. Pa­ty­şa­lyk 92 müň orun­lyk sta­di­on gur­mak­çy. Dün­ýä­niň iň uly sport des­ga­la­ry­nyň bi­ri Pa­ty­şa Sal­ma­nyň ady­ny gö­te­rer. Gur­lu­şy­gy 2029-njy ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de ta­mam­lan­jak bu sta­di­on­da 2034-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy­ny gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Sta­dio­nyň meý­da­ny 660 müň ine­dör­dül metr­den ge­çer. Stadion oý­na to­ma­şa et­mek üçin oňaý­ly bo­lar ýa­ly ýö­ri­te so­wa­dy­jy ul­gam bi­len üp­jün edi­ler.

Iň uly Gün fer­ma­sy­ny gu­rar

Awst­ra­li­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da dün­ýä­niň iň uly Gün fer­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy­ny göz öňün­de tut­ýan «Aust­ra­lia-Asia Po­wer Link» tas­la­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Fer­ma­da ýyl­da 20 gi­ga­wa­ta çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­ler, soň­ra ol 4 müň 300 ki­lo­metr­lik su­was­ty ka­bel ar­ka­ly Dar­win­den Sin­ga­pu­ra ibe­ri­ler. Tas­la­ma Sin­ga­pu­ra 2030-njy ýyl­lar­da Awst­ra­li­ýa­dan ýa­şyl elekt­rik ener­gi­ýa­ny al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Tas­la­ma­nyň 35 ýy­lyň için­de 13,5 mil­liard dol­lar­dan gow­rak yk­dy­sa­dy gir­de­ji ge­tir­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Fi­nal­çy­lar mä­lim edil­di

2024-nji ýy­lyň «Sie­na Crea­tive Pho­to Awards» baý­ra­gy ýe­di ugur bo­ýun­ça da­laş­gär­le­ri yg­lan et­di. «Sie­na Awards» ta­ra­pyn­dan gur­a­lan hal­ka­ra çe­per fo­to bäs­le­şi­gi 135 ýurt­dan su­rat­çy­la­ryň 4 müň 193 su­ra­ty­ny ka­bul et­di. Fi­nal­çy­lar «Haý­wan­lar we öý haý­wan­la­ry», «Bi­na­gär­lik», «Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty», «Te­bi­gat we peý­zaž», «Adam­lar», «Açyk mow­zuk» we «Se­ri­ýa» ýa­ly ugur­lar­da mä­lim edil­di.

Ada sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy

Ang­li­ýa­da baý ta­ry­hy bi­len bel­li bo­lan 2,4 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän Dreýk ada­sy sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Pli­mut şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän bu ada, hu­su­sy su­wa dü­şül­ýän ke­na­ry, şeý­le hem XVIII asyr­dan ga­lan top­la­ry we har­by ber­kit­me­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Ada­nyň eýe­si Mor­gan Fil­lip­siň aýt­ma­gy­na gö­rä, ada­da­ky iň kö­ne bi­na 1135-nji ýyl bi­len se­ne­len­ýär. Bu ada asyr­la­ryň do­wa­myn­da go­ra­nyş no­ka­dy bo­lup hyz­mat edip, Ang­li­ýa­ny ke­se­ki ýurt­la­ryň hü­jü­min­den go­ra­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Ada 1577-nji ýyl­da bu ýer­den Ýe­riň daş-tö­we­re­gi­ne sy­ýa­ha­ta ug­ran Fren­sis Dreý­kiň ady­ny gö­ter­ýär. Ada­nyň ba­ha­sy aýan edil­me­di, ýö­ne myh­man­ha­na­nyň abat­lan­ma­gy­ny öz içi­ne al­ýan iş­le­re çyk­da­jy­lar 25 mil­li­on funt ster­ling bi­len ba­ha­lan­dy­ryl­ýar. Fil­lips bu ada­ny 2019-njy ýyl­da 6 mil­li­on ýew­ro sa­tyn alyp­dyr. Tä­ze eýe­si­niň bu ada­ny toý­lar­dyr beý­le­ki çä­re­le­ri gu­ra­mak üçin meş­hur ýe­re öw­rüp bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.

11 million tonna mikroplastika ummana düşýär

Her ýyl dün­ýä um­ma­ny­na 11 mil­li­on ton­na­dan gow­rak plas­ti­ka düş­ýär. Ola­ryň kö­pü­si plas­tik tor­lar­dan we beý­le­ki ba­lyk tu­tul­ýan en­jam­la­r­dan gel­ýär. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ýa­ba­ny te­bi­gat gaz­na­sy ha­bar ber­di. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, ga­lyn­dy­la­ryň, tak­my­nan, 10 gö­te­ri­mi taş­la­nan tor­lar­dan yba­rat­dyr. Mik­rop­las­ti­ka­lar­dan baş­ga-da, tor­lar howp­ly bo­lup, ola­ra del­fin­ler, aku­la­lar we de­ňiz jan­dar­la­ry dü­şüp ço­laş­ýar­lar. Şeý­le du­zak olar üçin ölüm howp­ly bo­lup dur­ýar. Agyr ölüm­den soň, ola­ryň lä­şi beý­le­ki de­ňiz haý­wan­la­ry­dyr ba­lyk­la­ry üçin al­ba­ýa öw­rü­lip, olar hem plas­tik ýe­sir­li­ge düş­ýär­ler.

Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ri­ler

8-13-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de spor­tuň et­nik gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry - Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. As­ta­na şä­he­ri­niň aki­ma­ty­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu çä­rä 89 ýurt­dan iki müň­den gow­rak adam gat­na­şar. Oýun­lar sport, me­de­ni­ýet we ylym ýa­ly üç ug­ry öz içi­ne al­ýar. Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­syn­da «As­ta­na Are­na» sta­dio­ny, «Ka­za­nat» aý­la­wy, Ž.Uş­kem­pi­row adyn­da­ky ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty köş­gi, «Alau» buz köş­gi, «Qazaqstan» ýe­ňil at­le­ti­ka sport top­lu­my, «Du­man» top­lu­my ýa­ly 6 sa­ny uly des­ga bar.

Bio­lo­gi­k taýdan dar­gap bil­ýän plas­ti­ka

Ame­ri­ka­ly bar­lag­çy­lar ga­raň­ky­da ýal­pyl­da­ma­ga ukyp­ly, bio­lo­gi­k taýdan dar­gap bil­ýän plas­ti­ka­ny oý­lap tap­dy­lar. «Na­tu­re Sus­tai­na­bi­li­ty» žur­na­lyn­da be­ýan edi­len tä­ze ma­te­ri­al çy­dam­ly­ly­gy we bio­lo­gi­k dar­ga­mak hä­si­ýe­ti­ni özün­de jem­läp, hä­zir­ki za­man elekt­ro­ni­ka­syn­da ulan­mak üçin gel­je­gi ulu­dyr. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň sy­ry, ýo­ka­ry ýag­ty­lyk uky­by­ny üp­jün ed­ýän we ma­te­ria­lyň dar­ga­ma­gy­ny çalt­lan­dyr­ýan hi­mi­ki bir­leş­me tert-bu­til efi­ri­niň go­şul­ma­gy­dyr. Bar­lag­lar tä­ze po­li­me­riň ýo­ka­ry elekt­rol­ýu­mi­ne­sen­si­ýa (15,1 gö­te­rim) eýe­di­gi­ni, bu bar bo­lan bio­lo­gi­k dar­gap bil­ýän lýu­mes­sent po­li­mer­le­riň gör­ke­zi­ji­le­rin­den 10 es­se ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­di. Hyz­mat ediş möh­le­ti gu­ta­ran­dan soň, ma­te­ri­al gow­şak kis­lo­ta­ly şert­ler­de ýa-da 210 de­re­je­de gaý­ta­dan iş­le­nip bil­ner. – Biz ma­te­ri­al­la­ry, onuň ýa­ram­ly­ly­gy­ny pe­se ga­çyr­maz­dan, ony bio­lo­gi­k dar­ga­ýan we gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ukyp­ly et­dik – di­ýip, tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Sze Sýuý bel­le­di.

Müňden gowrak uçary internete birikdirdi

«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy «Star­link» hem­ra ul­ga­my­nyň dün­ýä­niň müň­den gow­rak uça­ry­ny ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün eden­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ba­ra­da Ka­na­da­nyň «West­Jet» we «Te­lus» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy yg­lan edi­len­den soň, ha­bar be­ril­di. – «Star­link»-iň ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­ne­ti­ne dün­ýä­niň müň­den gow­rak uça­ry­nyň bi­rik­di­ril­me­gi bu awia­si­on ul­ga­myň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär – di­ýip, «Star­link»-iň kor­po­ra­tiw sa­tuw bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Jeý­son Friç aýt­dy.

Plas­ti­ka­ny tab­şy­ran­la­ra ýe­ňil­lik

Abu-Da­bi­niň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry Emir­li­giň hem­me ýe­rin­de gur­lan re­wer­siw en­jam­lar (RVM) ar­ka­ly gaý­ta­dan iş­le­mek üçin plas­tik çüý­şe­le­ri tab­şy­ryp, ýe­ňil­lik­le­ri we bo­nus­la­ry alyp bi­ler­ler. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da ga­lyn­dy­la­ry oý­la­ny­şyk­ly ulan­ma­gy hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Tad­we­er Group» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan se­ýil­gäh­ler­de, hö­kü­met bi­na­la­ryn­da we Abu-Da­bi ho­wa men­zi­lin­de 25 sa­ny RVM otur­dyl­dy. RVM – bu plas­tik çüý­şe­le­ri we al­ýu­min gap­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň amat­ly usu­ly bo­lup, 2030-njy ýy­la çen­li şeý­le ga­lyn­dy­la­ry 80 gö­te­rim azalt­ma­ga ýar­dam be­rer. Her bir plas­tik çüý­şe ýa-da al­ýu­min gap üçin kre­dit be­ril­ýär. Soň bol­sa bu kre­dit­le­ri dür­li söw­da hyz­mat­daş­la­ryn­dan baý­rak al­mak üçin çal­şyp bo­lar. Hä­zir­ki mak­sat­na­ma­nyň ara­syn­da «No­on.com», «Ama­zon», «Luft­han­sa», «Go­ur­met Lab», «Max», «Less for Marks», «Fil­li», «Emax», «Dream­works Spa» we baş­ga­lar bar.