Har­ris saý­law­la­ra gat­naş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di

2 Awgust 2024
129

ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Ka­ma­la Har­ris şu ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň saý­law­la­ry­na De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan da­laş­gär­lik et­mek­çi­di­gi­ni res­mi taý­dan mä­lim et­di.

«Men De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy Ka­ma­la Har­ris, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­lik ed­ýä­rin» di­ýip, X jem­gy­ýet­çi­lik ul­ga­myn­da­ky ak­ka­un­dyn­da ýaz­dy. Şeý­le hem Ka­ma­la Har­ris ýö­ri­te wi­deo­ro­li­gi­ni hem ýaý­ra­dyp, ýur­duň ra­ýat­la­ry­ny kam­pa­ni­ýa­sy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge ça­gyr­dy. ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti go­laý­da De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri bol­mak üçin özü­niň ze­rur gol­da­wa eýe­di­gi­ni mä­lim edip­di. Par­ti­ýa­nyň kong­re­si­niň 2538 de­le­ga­ty hem Har­ri­siň da­laş­gär­li­gi­ni ma­kul­la­dy. De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan da­laş­gär­li­gi­ňi öňe sür­mek üçin azyn­dan 1 müň 976 de­le­ga­tyň gol­da­wy­ny al­ma­ly.

Beýleki habarlar