«We­ro» tö­leg hyz­ma­ty ýo­la go­ýul­dy

2 Awgust 2024
90

ABŞ-nyň «Visa» we «Mas­tercard» ýa­ly tö­leg bo­ýun­ça ägirt­le­ri­niň Ýew­ro­pa­da tä­ze bäs­de­şi peý­da bol­dy. «Eu­ro­news»-iň ýaz­ma­gy­na gö­rä, tä­ze «We­ro» hyz­ma­ty eý­ýäm sarp edi­ji­le­riň kö­pü­si üçin el­ýe­ter­li. «We­ro» – ýe­ke-täk san­ly tö­leg hyz­ma­ty bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­lip, Ýew­ro­pa­nyň 16 ban­ky­nyň we ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ul­ga­my bo­lan Ýew­ro­pa­nyň Tö­leg Baş­lan­gy­jy (EPI) ta­ra­pyn­dan en­çe­me ýyl­lap do­wam eden işi­niň ne­ti­je­si­dir.

San­ly gap­jyk eý­ýäm bar bo­lan «Payconiq» we iDEAL ul­gam­la­ry­na esas­lan­ýar. Ol müş­de­ri­le­re di­ňe te­le­fon bel­gi­si­ni ula­nyp, Ýew­ro­pa­da­ky beý­le­ki ula­ny­jy­la­ra pul ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. In­di hal­ka­ra bank ha­sa­by­nyň ko­dy bo­lan IBAN-yň hem ze­rur­ly­gy ýok. «We­ro»-nyň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan bi­ri hem pul iber­me­giň we al­ma­gyň tiz­li­gi­dir.

Beýleki habarlar