"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Akyldaryň arzuwlan zamany geldi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly şowhuna beslenýär. Şeýle dabaralaryň birini Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi etrabyň  jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirdi. «Magtymguly, nesihatlar kylar sen!» atly dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň sarpasynyň belent tutulýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň, Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat, watançylyk temasyndan ýazan şygyrlarynyň okalmagy çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleri ajaýyp döwrümizi wasp edýän hem-de  şahyryň goşgularyna döredilen aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisi has-da täsirli boldy.

Sagdyn durmuş — baş ýörelgämiz

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilýän çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek maksady bilen  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziñ her bir tutumly işiniň türkmen halkynyñ geljegi bolan ýaşlar baradaky aladalara ýugrulandygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaşlaryň ýaramaz nogsanlyklara baş goşmazlyklaryny gazanmakda, olary ahlak taýdan arassa, ählitaraplaỳyn kämil nesiller edip terbiýeläp ỳetişdirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlary bu ugurda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdylar. Türkmen ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Maşgala mukaddesligi ündeldi Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde, etrapdaky 1-nji, 7-nji we 10-njy orta mekdeplerde, TDP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat we Murgap etrap bölümleriniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň hem-de welaýat polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat çäreleri zenanlaryň ahlak terbiýesine bagyşlanyldy. Çärelere syýasy partiýalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, şeýle hem etrabyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler we okuwçy gyzlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat

Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýöretileşdirilen sazçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas we ylham çeşmesi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny,

Zähmet terbiýesi – bagtly durmuşa şamçyrag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Zähmet adamy bagta ýetirýär. Her bir ynsan ýaşlykdan haýsydyr bir kesp-käri saýlaýar. Bilşimiz ýaly, islendik hünäre ýaşlykdan başlanylsa, hem-ä çalt öwrenmäge, hem-de ökde, ussat hünärmen bolup ýetişmäge ýardam berýär. Ýaş nahalyň berk we göni, owadan, gelşikli, saýaly, miweli bag bolup ýetişmegi üçin ekilen gününden başlap, oňa ideg etmeli. Şonuň üçin hem ýaşlara ene-atalar we terbiýeçiler oňat görelde görkezmeli, milli terbiýäniň ýörelgelerinden peýdalanmaly. Milli terbiýede görelde mekdebi esasy orunda durýar. Bu ilkinji nobatda ýaşlaryň görýän zadyny tiz

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas we ylham çeşmesi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny,

Dostluk seýilgähindäki ussatlar

Parahatçylygyň we dost-doganlygyň ýolundan ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz sarpalanyp, dünýä halklarynyň medeniýetine uly hormat goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde dabaraly ýagdaýda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň esasy ýodasynyň ugrunda jahanyň çar ýanynda umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän eserleri döredip, sungat dünýäsinde öçmejek yz goýan ussatlaryň heýkelleriniň oturdylmagy halklary has-da ýakynlaşdyrýar. Biz hem okyjylarymyzy şol ägirtler bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Saýat Nowa (1712 — 1795)

«Türkmengaz» döwlet konserniniň habarlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň tehniki bölümi tarapyndan şu günki güne çenli gaz pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy resminamalaryň jemlenen sanawyny kesgitlemek maksady bilen, konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň alyp barýan işlerinde peýdalanylýan kadalaşdyryjy resminamalaryň umumy sanawy düzüldi. Şol sanawda kadalaşdyryjy resminamalar 911 sany bolup, döwrebaplaşdyrmaga degişlileri seljerilip, olar 114-den ybarat boldy. Şu günki güne çenli kadalaşdyryjy resminamalaryň jemi 82 sanysy bellenen tertipde resmileşdirildi. Galan 32 sany resminamalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk getirilmegi üçin edara-kärhanalara degişliligi boýunça bölünip berlip, 2024-nji ýylda 15 sany kadalaşdyryjy resminamany döwrebaplaşdyrmak üçin meýilnama düzüldi we olardan 4 sany resminama bellenen tertipde resmileşdirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, ýaş nesliň ýaramaz endikleri ýazgarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ösdürmek we wagyz etmek ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine işjeň gatnaşýan, milli bilim-ylym, medeniýet we sungat ugurlarynda öz mynasyp orunlaryny eýeleýän, sagdyn düşünjeli, beýik maksatly ýaşlar kemala geldi. Türkmen jemgyýeti sagdynlygyň, ruhubelentligiň we ýaramaz endikleriň, temmäki önümleriniň berk ýazgarylýan jemgyýetine öwrüldi. Bular dogrusynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy) Eziz watandaşlar!

Asyrlara ýol salan dana Magtymguludyr

Magtymguly Pyragy öz ady we öçmez-ýitmez döredijiligi bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Şu jähetden, 17-nji maýda agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasynyň bolmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Şoňa görä-de, bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamydyr.

Umumadamzat medeniýetiniň gymmatly hazynasy

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat 17-18-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen foruma abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden — Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Umumy mejlis başlamazdan ozal, köp sanly foruma gatnaşyjylar binanyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar.

Beýik akyldaryň mirasy dünýä ýaýylýar

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 18-nji maýda paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybarat boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, ylym, medeniýet işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi. Şu gezekki foruma ýurdumyzyň ylmy intelligensiýasy bilen birlikde, daşary ýurtlaryň onlarçasyndan ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar.

Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 18-nji maýda ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Nesilleriň taryhy dowamaty, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň ähmiýeti baýramçylyk maksatnamasynyň çykyşlarynyň başyny başlan «Oguz hanyň pendi bir beýik taglym, // Parlap duran ýaşyl tuguňa tagzym!» atly edebi-sazly kompozisiýada aýdyň beýan edildi. Ol ýurdumyzyň halk artistleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri tarapyndan belent heňde ýerine ýetirildi. Ol söz, aýdym, saz we tans sungatyny özünde jemläp, baýramçylyk çykyşlaryna ruhubelentlik ýagdaýynda badalga berdi.

Milli döwletliligiň binýady (Buýsançly köňülleriň kelamy)

Agzybir halkymyzyň ýürek arzuwy bilen yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni göwünlerimizi joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara hem-de toý-baýramlara beslenýär. Il-ulsumyzyň jebisliginde giňden baýram edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şöhratly senesi munuň buýsançly subutnamalarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň hem-de mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 32 ýyllygy giňden baýram edildi. Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Ýüregimiň bir bölegi (Durmuş we biz)

Bir gezek çagalar bagyndan gelen badymyza, doganlarym bilen meni ejemdir kakam şäheriň gözel künjeginde dikilen iň belent baýdagy synlamaga alyp gitdiler. Ýaşyl ýazy ýatladyp duran, edil deňziň tolkunlary ýaly pessaý şemala täsin pasyrdap, başy bulutlara ýetip, uzaklardan howalanyp görünýän baýdaga näçe ýakynlaşdygymyzça, ol barha we barha beýgelýän ýalydy. Biz ulagdan düşdük-de, oňa tarap el tutuşyp ylgadyk. Golaýyna barybam, dik ýokarlygyna — buýsançly parlaýan baýdagy teşnelik bilen synlamaga durduk. Şonda doganlarymyň ekabyrragy başymdaky tahýamyň ýere gaçaryndan ätiýaç edip: — Jigim, Gaýa jan, birden tahýaňy gaçyraýma! — diýip, elleri bilen tahýamy saklady. Men bolsa agzymy öweldip, baýdagyň täsin tolkun atyşyna, onuň sesimi ýetirerimden beýikdedigine haýran galyp, näçe wagt duranymy bilemok. Ýöne şol görnüş müdimilik gözlerimiň öňünde galdy.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) BIRINJI BÖLÜM. ENE ÖZGERSE, PERZENT HEM ÖZGERER

Belentden ýaňlanýar çaga gülküsi

Golaýda Aşgabat şäherindäki 57-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda çagalaryň tomus dynç alyş we sagaldyş möwsüminde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň düzgünleri, keselleriň öňüni alyş çäreleri, çaga iýmiti dogrusynda usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata paýtagtymyzyň mekdebe çenli çagalar we bilim edaralarynyň işgärleri, şepagat uýalary gatnaşdylar. Usuly-amaly okuw maslahatynda çykyş edenler, ýurdumyzyň pedagogik we saglygy goraýyş işgärleriniň öňünde durýan bu ugurdaky möhüm wezipeler, olary pugta berjaý etmegiň netijeli usullary dogrusynda gürrüň etdiler. Maslahata gatnaşyjylar ýaş nesli Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine, beýik geljegine deňeýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Aýdym-sazly dabara

«Esasy Kanunym bagta güwämdir, ýaşyl Tugum belent ruhum, senamdyr» diýen at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdepleriniň bilelikde guramaklarynda goşa mukaddesligiň şanly senesi mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen dabarada  çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir senede bellenilmeginiň bu iki mukaddeslige goýulýan belent sarpadygy, olaryň bolsa,  ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrýan gymmatlykdygy barada nygtadylar. Dabaranyň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlaryny, ata Watanymyzyň ösüşlerini, baky bitewüligi wasp edýän aýdymlary dabara ruhubelentlik eçildi.