Ýüregimiň bir bölegi (Durmuş we biz)

20 Maý 2024
496

Bir gezek çagalar bagyndan gelen badymyza, doganlarym bilen meni ejemdir kakam şäheriň gözel künjeginde dikilen iň belent baýdagy synlamaga alyp gitdiler. Ýaşyl ýazy ýatladyp duran, edil deňziň tolkunlary ýaly pessaý şemala täsin pasyrdap, başy bulutlara ýetip, uzaklardan howalanyp görünýän baýdaga näçe ýakynlaşdygymyzça, ol barha we barha beýgelýän ýalydy. Biz ulagdan düşdük-de, oňa tarap el tutuşyp ylgadyk. Golaýyna barybam, dik ýokarlygyna — buýsançly parlaýan baýdagy teşnelik bilen synlamaga durduk. Şonda doganlarymyň ekabyrragy başymdaky tahýamyň ýere gaçaryndan ätiýaç edip:

— Jigim, Gaýa jan, birden tahýaňy gaçyraýma! — diýip, elleri bilen tahýamy saklady. Men bolsa agzymy öweldip, baýdagyň täsin tolkun atyşyna, onuň sesimi ýetirerimden beýikdedigine haýran galyp, näçe wagt duranymy bilemok. Ýöne şol görnüş müdimilik gözlerimiň öňünde galdy.

Gaýgysyz AHMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
Beýleki habarlar