Asyrlara ýol salan dana Magtymguludyr

20 Maý 2024
411

Magtymguly Pyragy öz ady we öçmez-ýitmez döredijiligi bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Şu jähetden, 17-nji maýda agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasynyň bolmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Şoňa görä-de, bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamydyr.

«Nesil».
Beýleki habarlar