"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Şygryýet äleminiň alymy

Öňde-de bir akyldar: «Eger bu dünýäde baky ýaşajak bolsaň, il okar ýaly kitap ýaz ýa-da kitap ýazylar ýaly haýyrly iş bitir» diýipdir. Biziň gürrüňini etjek bolýan Annadurdy molla-şahyrymyz bolsa, dana kişiniň diýýänleriniň ikisini-de aňryýany bilen berjaý eden adam. Ol Hakdan berlen üýtgeşik zehinini tutanýerli zähmeti bilen «igeläp», adamlaryň elinden düşürmän okaýan idegli kitaplaryny-da ýazdy, özüniň belent ynsanperwerligi, hoşgylawlygy bilen, mydama köpüň hyzmatynda bolup, kitap ýazarlyk ilhalar işleri-de etdi. ...Meniň Annadurdy agany gaýybana tanap, ony görmegiň arzuwynda bolmagyma ýetginjeklik döwrümde atam Agaly Seýitden eşiden bir wakam sebäp bolupdy. Nämeden gürrüň açylany ýadyma düşenok, ýöne şol gezek atam Annadurdy aga bilen baglanyşykly bir wakany ýatlap, şeýle gürrüň beripdi:

Eserler we asyrlar

Türkmen Magtymguly Pyragyny milli şahyry hasaplaýar. Edil şonuň ýaly, onuň keşbini döreden suratkeş hem hergiz hakydasynda. Akyldar şahyr hakda söz açylan ýerde Aýhan Hajyýew hem ýatlanylýar. Suratkeş külli türkmen üçin uly iş bitirenleriň biri. Nakgaşlykdaky nusgawy eserleri türkmen şekillendiriş sungatyndan başlap, teatrda, kinoda keşp döredenlere çenli nusga boldy. Güýji-täsiri ençeme eserleriň döremegine getirdi. Heýkeltaraşlar düýpli-düýpli heýkelleri döretdiler. Saragt Babaýew Magtymgulynyň heýkelini ýasanynda her gezek kanoniki keşbi nusga edinýändigini aýdýar. Köpetdagyň etegindäki Magtymgulynyň äpet ýadygärligini göreniňde-de, ýene Aýhan Hajyýewiň abyrsyz uly işleri hakyda dolýar. Bir ömre ýeterlik iş

Ussadyň kämil eseri

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okan ýyl­larymda-da milli aýdym-sazlarymyzyň döreýiş taryhyna aýratyn üns berýärdim. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işlemek bilen, ýene-de halypalarymyzyň zehininden çykan ajaýyp aýdym-sazlarynyň döreýiş taryhy bilen gyzyklanmagy dowam etdirýärin. Çünki zehinli talyp ýaşlarymyzyň geljekde ussatlyk derejesine ýetmeginde milli aýdym-saz sungatymyzyň ussatlarynyň döreden we joşup-joşup ýerine ýetiren aýdymlary, çalan meşhur sazlary hakda giňişleýin düşünje almaklary örän zerurdyr. Hut şonuň üçin hem häzirki günde öz aramyzda zähmet çekip ýören ussatlaryň täsirli söhbetlerini diňläp, gyzykly maglumatlary bolsa okuw maksatnamamyzyň çäklerinde talyplarymyza ýetirip durýarys. Aýdym-saz sungaty adamlaryň göwnüni ganatlandyryp, özüne we geljege bolan ynamyny artdyrýar. Bu bolsa ussat halypalaryň döreden aýdym-saz sungatynyň beýikligidir.

«Ýigidiň dünýäde üçdür myrady»

Hal­ky­my­zyň baý ede­bi mi­ra­sy hä­zir­ki wagt­da giň­den öw­re­nil­ýär we oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýö­ri­te Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­dyr ede­bi du­şu­şyk­lar giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýan Wa­ta­ny­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň adam­za­dyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­sy­na gi­ren hem-de ýaş­lar­da ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­me­giň mil­li mek­de­bi­niň bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýän baý ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly di­ýlip yglan edilmegi hem ýaşlaryň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­ter­mä­ge, wa­tan­daş­la­ry­my­zy ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Be­dew­le­ri­miz türk­me­niň mil­li buý­sanç­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol hak­da ede­bi mi­ra­sy­myz­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edi­lip­dir. Be­dew was­py Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň için­den hem

Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ençemesi sowgat edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny aşyrdy we bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etmegi hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentiliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine ýolagçy awtobuslary gowşuryldy. «TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslaryň we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.

Täze kitabyň tarypy

Duşenbe güni Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Dabaraly çärede sungat ussatlarynyň çykyş etmeginde ýerine ýetirilen aýdym-sazlara-da giň orun berildi. Soňra «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boýunça çykyşlar diňlenildi. Onda, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyrymyzyň abraýynyň diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem mertebelenýändigi nygtaldy. Täze kitap özboluşly bezeg aýratynlygy, umman ýaly baý mazmunly goşgulary bilen türkmen halkyna gymmatly serpaý boldy. Şonuň üçin hem dabara gatnaşanlar şu zatlaryň sakasynda duran Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

Döwletlilik dabarasy

Her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyz boýunça geçirilýän çäreler Türkmenistanyň adam hukuklaryny, hususan-da, ýagty geljegimiz bolan çagalaryň bähbitlerini goramakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşap almakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýändigini görkezýär.

Arkadagly nesilleriň alkyşy egsilmez

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem dabara geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alýan çagalara hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şadyýan tomsuň şatlykly günleri

Geçen dynç güni Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde çagalary gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Ýaş nesillerimiziň sagdyn we milli ruhda terbiýelenmegi, medeniýetli dynç almaklary üçin guralýan bu dabara her ýylda geçirilýär. Şatlyk-şowhuna beslenen bu çärede joşgunly aýdymlar ýaňlandy hem-de çagalar toparynyň şadyýan sahna çykyşlary görkezildi. Soňra ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň mekdep okuwçylary bezelen awtobuslara münüp, Gökderä tarap ugradylar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň binasy

Şähergurluşyk konsepsiýasyna doly laýyk gelýän sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasy «akylly» şäherde, ilki bilen, ünsi özüne çekýän ajaýyp ymaratlaryň biridir. Onuň sag ganatynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň, çep ganatynda bolsa Medeniýet toplumynyň binalary ýerleşip, bu binalar daşky gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Owadan binanyň edil gabadynda «Arkadag Binasynyň» bolmagy oňa has-da ýaraşyk berýär. Jemgyýetçilik toplumynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerini geçirýän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Arkadag şäheriniň bölümi bar. Bu ýerdäki guramalardyr partiýalar, geňeşler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň

Belent maksatly, döwletli tutumlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent maksatly, döwletli tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen wakalar hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 30-njy maýda Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary netijeli häsiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimize bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi köp sanly ýaşaýjylaryň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Gahryman Arkadagymyz bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýaş nesilleriň saglygyny goramakda gaznanyň alyp barýan işleri barada aýratyn durlup geçildi. Maslahatyň barşynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalara lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilýänd

Ygtybarly energiýa üpjünçiligi — abadan ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowoltlyk Daşoguz elektrik bekediniň dabaraly ulanmaga berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Bu beket Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda «Ahal — Balkan» we «Balkan — Daşoguz» ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamlaryny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda kabul eden Kararynyň esasynda guruldy. Bu howa elektrik geçirijisiniň, bekediň gurluşygyny «Daşoguzenergogurluşyk», «Lebapenergogurluşyk», «Aşgabatenergogurluşyk», «Daşoguzobagurluşyk», «Daşoguznebitgazgurluşyk» we başga-da ençeme döwlet hem-de hususy kärhanalaryň gurluşykçylary ýokary depginde alyp bardylar. Şonda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2022-nji ýylda welaýatymyza sapary mahalynda bu ugurda amala aşyrylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagynyň we olara yzygiderli beren kömek-goldawlarynyň ýardamy örän uly boldy.

Arkadag sahawaty — röwşen geljegiň kepili

Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak baradaky aladalarynyň netijesinde häzirki wagtda döwrebap saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sahawatly işlerini uly buýsanç bilen bellemek gerek.

Ýurt garşy alsyn!

Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Iýun aýynyň toýlara beslenip gelen ilkinji günlerinde Daşoguz şäherinde 144 maşgala niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 8-siniň ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bagtyýar maşgalalaryň şatlygyny goşalandyrýar.

Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran sapary göwün galkyndyryjy wakalara beslendi. Bu sahawatly gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bagtyýar raýatlarymyzda uly hoşallyk duýgusyny döretdi.

01 duýdurýar!

Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir Galla oragy möwsüminde hasylyň ýygnalýan hem-de daşalýan döwründe ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar:

Tanyşdyrylyş dabarasy

Pyragynyň paýhas ummanynyň genji-hazynasy Ykbaly göterilen agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerini toý-baýrama besläp, ýagty geljegine ynamly barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara beslenýän ajaýyp günlerinde akyldar şahyrymyzyň paýhas ummanynyň genji-hazynasyna öwrüljek täze «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar il-ulsumyz üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Milli terbiýe

Çagany ýaşdan... Halkymyz nesil dowamaty bolan perzendini dünýä baýlygyndan zyýada görüp, maşgala bagtyna deňeýär. Onuň edep-terbiýeli, il-güne peýdaly adam bolup ýetişmegini gazanmagy mukaddes borç hasaplaýar. Ata-babalarymyz çagany ýaşlykdan tertip-düzgüne, milli terbiýä salmagy ündeýärler. Bu ýörelgäni gündelik durmuşda ulanýan enelerimiz entek sallançakda ýatan bäbejigi ene söýgüsi bilen gurşap, gulagyny mähir bulagy hasaplanýan hüwdülerinden gandyrýarlar.

Döwür we ýaşlar guramasy

Watanyň daýanjy TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň agzybir işgärleri «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň tassyklanan meýilnamasy esasynda dürli ugurlar boýunça wagyz-nesihat işlerini, bäsleşikleri, taryhy ýerlere gezelenç çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirýärler. Etrap, şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän yzygiderli çäreleriň oňyn netijelerini bolsa ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda, sportda we beýleki ugurlarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän ýaşlarymyzyň ýylsaýyn artyp barmagynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen ýaşlarynyň okamaklary, bilim-hünär almaklary, dünýäniň iň kämil, ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi, geljekde-de dörediljekdigi barada nygtady.

Kalbymyzyň bahary

Hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen gözel paýtagtymyz ajaýyp binagärligiň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň jemlenen özboluşly sungat eserine öwrüldi. Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde bina bolan türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy halkymyzy has hem buýsandyrdy. Munuň özi türkmen halkynyň beýik şahyrynyň ömrüne, döredijilik mirasyna goýýan çuňňur sarpasydyr. Şeýle hem, Baş baýdak meýdançasynyň durkunyň täzelenmegi we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesiniň çatrygyndan, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygyna çenli aralygyndaky böleginiň durky täzelenip açylan suw çüwdürimleriniň dürli reňkler bilen bezelmegi gözellikleriň üstüni ýetirdi.