Şygryýet äleminiň alymy

6 Iýun 2024
276

Öňde-de bir akyldar: «Eger bu dünýäde baky ýaşajak bolsaň, il okar ýaly kitap ýaz ýa-da kitap ýazylar ýaly haýyrly iş bitir» diýipdir. Biziň gürrüňini etjek bolýan Annadurdy molla-şahyrymyz bolsa, dana kişiniň diýýänleriniň ikisini-de aňryýany bilen berjaý eden adam. Ol Hakdan berlen üýtgeşik zehinini tutanýerli zähmeti bilen «igeläp», adamlaryň elinden düşürmän okaýan idegli kitaplaryny-da ýazdy, özüniň belent ynsanperwerligi, hoşgylawlygy bilen, mydama köpüň hyzmatynda bolup, kitap ýazarlyk ilhalar işleri-de etdi.

...Meniň Annadurdy agany gaýybana tanap, ony görmegiň arzuwynda bolmagyma ýetginjeklik döwrümde atam Agaly Seýitden eşiden bir wakam sebäp bolupdy. Nämeden gürrüň açylany ýadyma düşenok, ýöne şol gezek atam Annadurdy aga bilen baglanyşykly bir wakany ýatlap, şeýle gürrüň beripdi:

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar