Ussadyň kämil eseri

6 Iýun 2024
256

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okan ýyl­larymda-da milli aýdym-sazlarymyzyň döreýiş taryhyna aýratyn üns berýärdim. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işlemek bilen, ýene-de halypalarymyzyň zehininden çykan ajaýyp aýdym-sazlarynyň döreýiş taryhy bilen gyzyklanmagy dowam etdirýärin. Çünki zehinli talyp ýaşlarymyzyň geljekde ussatlyk derejesine ýetmeginde milli aýdym-saz sungatymyzyň ussatlarynyň döreden we joşup-joşup ýerine ýetiren aýdymlary, çalan meşhur sazlary hakda giňişleýin düşünje almaklary örän zerurdyr. Hut şonuň üçin hem häzirki günde öz aramyzda zähmet çekip ýören ussatlaryň täsirli söhbetlerini diňläp, gyzykly maglumatlary bolsa okuw maksatnamamyzyň çäklerinde talyplarymyza ýetirip durýarys.

Aýdym-saz sungaty adamlaryň göwnüni ganatlandyryp, özüne we geljege bolan ynamyny artdyrýar. Bu bolsa ussat halypalaryň döreden aýdym-saz sungatynyň beýikligidir.

Aýgül ÝAGŞYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti.
Beýleki habarlar