Garaşsyzlyk — baýramlaryň seresi
Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýän Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolandygyny, berkarar döwletiň, bagtyýar durmuşyň eýesidigini alamatlandyrýan şanly senedir. Şatlyk-şowhunly dabaralar bilen bellenilip geçilýän baş baýramymyz ýyllar geçdigiçe täze röwşe, baý many-mazmuna eýe bolup, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýan tutumly işleriň, ägirt uly taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Ähli pudaklarda düýpli özgertmelere badalga berlip, döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hatarynda ymykly orun aldy. Däp-dessurlarymyz gaýtadan dikeldilip, milli mirasymyz dünýä ýaýyldy. Daşary ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlyklara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ösüş-özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýändigini bellemek ýakymlydyr.