Ykballaryň, ýürekleriň birligi

25 Sentýabr 2024
349

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryny wysal edip, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň jaýdar nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda ösüşlere, belent sepgitlere ýetdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Ýurdumyz ykdysadyýeti ýokary depginde ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun aldy. 

Täzegül BAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hasabatçysy.
Beýleki habarlar