Garaşsyzlyk toýun tutýar Watanym

25 Sentýabr 2024
352

Şatlyk-şowhuna beslenýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy şeýle atlandyryldy. Welaýat merkeziniň Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. 

Medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli talyplaryň joşgunly çykyşlary türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleri bilen tapawutlandy. Täsirli çykyşlar çuňňur many-mazmuna beslenip, şol many-mazmun beýik Garaşsyzlygymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan synmaz söýgini özünde jemledi. Şonuň üçinem täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň köptaraply üstünliklerine, dünýä dolan şan-şöhratyna agzybir halkymyzyň buýsanjynyň, guwanjynyň çäksizdigini aýdyňlyk bilen görkezen çuň mazmunly çykyşlara baý bolan baýramçylyk çäresi ýurt berkararlygymyzyň şanly senesini şöhratlandyran toý dabaralarynyň hataryny artdyrdy. 

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar