"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gyrmyzy jüptün

Gyrmyzy jüptün (latynça, Ceyx erithacus) jüptünler maşgalasyna degişli uly bolmadyk guşdur. Bu täsin guş, esasan, Aziýa sebitinde duş gelýär. Gyrmyzy jüptüniň bedeniniň uzynlygy 14 santimetre golaý. Ganatynyň uzynlygy 8 santimetre çenli bolup bilýär. Kellesi mämişi we gyzyl reňkli bolup, aýratyn öwüşgin berýär. Onuň çüňki we penjeleri gaty güýçli, guýrugy gysga bolýar.

Täsinliklerden täsirlenip

Ýer ýüzünde arylaryň 21 müň görnüşi bolup, olar 520 maşgala bölünýär. Alymlar 2006-njy ýylda Mýanmada tapylan arynyň gatap galan görnüşine 100 million ýyl dagy bolandyr diýip çaklaýarlar. Ol ary ýabany bolup, entek balara öwrülmedik görnüş eken. Arylaryň hemmesi gadymy döwürde ýabany çäge arysyndan gelip çykandyr. Günorta Hindistan balarylaryň Watany hasaplanylýar. Arylar 60 kilometr tizlik bilen uçup bilýärler. Balarylar uly maşgala bolup ýaşaýarlar we her toparyň öz aýratyn ysy bolýar. Arylar baradaky ylma apiologiýa diýilýär. Dünýäde ady belli alymlaryň ençemesi köp ýyllaryň dowamynda arylary öwrenipdirler we täze görnüşlerini açypdyrlar. Arylaryň tebigatymyzdaky ösümliklerdir oba hojalygyna örän uly täsiri bar. Balarylary bary-ýogy 30-35 gün ýaşaýar. Gülleri tozanlandyrýan wagtlary olary belläp, ikinji gezek şol güle gonmaýar. Olar hatda adamyň ýüzüni ýatda saklamaga-da ukyplydyr. Arylar murtjagazlary, şol sanda dürli sesler arkaly habarlaşyp bilýärler. Ýene-de täsin bellemeli zatlaryň biri, bol gülli ýer ýa-da öz maşgala agzalary bilen täze ýaşar ýaly ýer tapan wagtlary dürli hereketleriň üsti bilen şol ýeri salgy berýärler. Şol ýeriň ölçegini hem aňladyp bilýärler.

Ala­ba­ýym – ezel we­pam

Alabaý itleri — türkmeniň ruhy gymmatlygy, baýlygy. Ahalteke bedewi we alabaý iti bilen taryhda şöhratly yz goýan pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgeleri häzirki bagtyýar döwrümizde täzeçe röwşe eýe bolýar, netijede, alabaý itleriniň taryhy şöhraty dikeldilýär. Itşynaslar, it idedijiler, seýwanlar, kinologlar ýaly düşünjeleriň gymmaty häzirki döwürde biziň durmuşymyzda öz ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň şaýoluna düşen Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy juda belent. Ine, alabaý hem şeýle belent sarpa eýe bolan ruhy baýlygymyz. Biz golaýda alabaý itleriniň muşdagy, ýurdumyzda mebel öndürmekde meşhurlyk gazanan tejribeli telekeçi, «Aýbölek» mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy Meretmuhammet Täçmuhammedow bilen söhbetdeş bolup, onuň türkmen tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly alyp barýan asylly işleri bilen giňişleýin tanyşdyk. — Meretmuhammet, uly döwletli işi alyp barýan mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy bolmagyňam aladasy-hysyrdysy ýetik welin, siz bu işiňiziň daşyndan alabaý itlerini köpeltmäge-de höwesek ekeniňiz. Eýsem, bu işleri utgaşdyryp alyp gitmek size kyn düşmeýärmi?

Bürgüt

Bürgüt ganatlary insizräk, guýruklary başgalara görä uzynrak bolup, garaguşlaryň arasynda iň ulusy hasaplanýar. Onuň reňki goýy goňur bolup, ýeňsesindäki uzalan ýelekleri goýy çypar, garyn tarapy arkasyna garanyňda açygrak reňkde, guýrugynyň reňki agymtyl bolýar. Bürgütler oturanda ganatlary göwresine doly gysylmaýar, sähel gapdalda durýar. Ýaş bürgütleriň reňki gara goňur, guýruklary ak, guýruklarynyň ujunda gara zolaklary, ganatlarynyň aşagynda bolsa ak tegmilleri bolýar. Olaryň göwresiniň uzynlygy 80 — 93 santimetr, horazlarynyň agramy 2,8 — 4,1, mäkiýanlarynyňky 3,8 — 6,3 kilograma çenli bolýar.

Haýran galdyrýan hadysalar

Dag goçy

Tebigatyň iň owadan hem-de täsin jandarlarynyň biri-de dag goçudyr. Ol çyn şahlylar maşgalasyna degişli bolup, dag gerişleriniň eňňitlerinde, belentliklerinde, dagüsti sähralyklarda, dürli otly we pisseli baýyrlyklarda ýaşaýar. Dag goçy dagyň kert gaýalaryna bökjekläp münmäge we düşmäge ukyply bolýar. Olar 3 metr beýiklige, 4,5 metr uzaklyga çenli böküp bilýärler. Dag goçy biziň ýurdumyzda Gaplaňgyrda, Üstýurtda, Akjagaýada, Garagumda, Bathyzda, Köpetdagda, Köýtendagda gabat gelýär. Olar otjumak ösümlikleriň 7, gyrymsy agaçlaryň 8 görnüşini iýmit üçin ulanýarlar.

Alahöwren

Ol alahöwrendir. Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde onuň adyny haşlawuk ýa-da keseýörän diýip hem tutýarlar. Bu atlaryň biri onuň hereket edişini, ýene biri üstüne abanýan howpy howatyrlandyryjy alamatyny sypatlandyrýar. Bu ýylanyň dünýäde 12 kowumdaşy bolup, olar Günorta Aziýada we Afrikada ýaýrandyr. Alahöwrenler ýurdumyzyň çägelik, toýunlyk, şorluk, daşlyk ýerlerinde, derýalaryň gyrmançalary guran akym ugurlarynda, harabalyklarda, gum gaýaly gyrlaryň erňeklerinde ýaşaýarlar. Olara Uly we Kiçi Balkanda, Köpetdagda, Köýtendagda deňiz derejesinden 500-700 metr beýiklikde hem duşmak bolýar.

Iň owadan guşlar

Ýer ýüzünde guşlaryň 10 müňden gowrak görnüşiniň bardygy çaklanylýar. Guşlaryň ýelekli, ganatly, ganatsyz, uçup bilmeýän, ýüzmäge ökde we beýleki birnäçe görnüşleri bar. Beýleki jandarlardan tapawutlylykda, guşlar Ýer ýüzüniň ähli ýerinde duş gelýär. Guşlaryň ululygy 5 santimetrden 2,7 metre çenli aralykda bolýar. Şeýle hem bu jandarlaryň köp görnüşi uzak aralyga göçmegi bilen hem tapawutlanýar. Deňiz guşlarynyň köpüsi Ýeriň günorta polýusyndan demirgazyk polýusyna çenli aralygy uçup geçýärler. Pingwinler we beýleki guşlar suwa çümüp, deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Bu jandarlaryň köpüsi mör-möjekler bilen iýmitlenip, oba hojalygyny dürli zyýankeşlerden goraýar. Guşuň birnäçe görnüşi ganatynyň bardygyna garamazdan, uçup bilmeýär. Kiwi atly guşuň bolsa ganaty hem bolmaýar. Olaryň köpüsi owadan perleri bilen haýran galdyrýar. Owadan guş diýlende, ilki bilen, tawus guşlar ýadyňa düşýän hem bolsa, totular we beýleki ululy-kiçili guşlaryň owadan görnüşlileri az däl. Şeýle guşlaryň käbiri barada täsin maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Toty — bu guşlar diňe adamyň sözüni gaýtalap bilmegi bilen däl, eýsem, owadanlygy bilen hem tapawutlanýarlar. Olaryň arasynda Ara totulary has owadan bolýar. Goýy gök reňkli we gözüniň töweregi sary reňkli bolýan bu guş ganatyny açanynda 130 santimetre ýetýär. Günorta Amerikadaky tokaýlyklarda ýaşaýan bu guşlaryň çüňkleri ö

Muny bilmek gyzykly

■ Haski tohumly itler sagatda 31 kilometr tizlikde ylgap bilýär. Ýöne olaryň esasy aýratynlygy çydamlylykdyr. ■ Bürgüdiň gözleri adamyň görejinden azyndan dört esse ýitidir.

Dünýäniň iň kiçijek haýwanlary

Dünýäde haýwanlaryň adaty görnüşlerinden has kiçileriniň gabat gelmegi täsindir. Bular barada siziň hem bilesiňiz gelýän bolsa, bu ugurdan ýörite hünärmenler tarapyndan anyklanan dünýäniň iň kiçijek jandarlary hakyndaky maglumatlary size ýetirýäris. Dünýäniň iň kiçijek sygry Manikýam atly sygyrdyr. Onuň boýy bary-ýogy 61 santimetrden ybaratdyr.

Bulary bilmek gyzykly

Guw Guw ömürlik taýly bolýar, egerde taýy heläk bolaýsa, taýlaşmaýarlar, kähalatlarda taýsyz galan guw özüni heläkläp hem bilýär. Guw gazdan biraz tokarrak bolup, ýaşy ýetenleri ak reňkli, horazy mäkiýandan üstki çüňküniň düýbündäki gara uly ösüntgisi bilen tapawutlanýar. Ýaş guwlar çalymtyl, goňur, garyn tarapy arkasyndan agymtylrak, boýny göwresinden ýagty reňkli, ganatlarynyň ujy çalymtyl guýrugy hem çal, ýöne onuň uçlary ak reňkli bolýar. Özüni alyp barşy ümsüm, howp abananda gaty hyňňyldy ses edýär, onuň bedeniniň uzynlygy 150 sm golaý, ganaty 57 sm, agramy 8-13 kg çenli bolýar. Guwlar suwda bolanlarynda boýnuny s harpyna meňzeş saklaýar, guýrugy bolsa mese-mälim uzynrak, çüňküni we kellesini suwuň üstünde kese saklaýar.

Düwlenler

Tebigatyň täsin ýaradan jandarlarynyň biri-de süýdemdirijileriň garsakaýaklylar toparyna degişli düwlenlerdir. Iki jübüt aýagy dyrnaklydygyna garamazdan, ýasy ýüzgüçlere öwrülen düwlenleriň art aýaklary diňe suwda ýüzmek üçin hyzmat edýär. Art aýaklar öňe epilmeýär hem-de gury ýerde düwleniň agyr göwresini götermeýär. Mälim bolan maglumatlara görä, Ýer ýüzünde düwlenleriň 12 urugdan bolan 20-ä golaý görnüşi giňden ýaýrandyr. Olaryň iň köp ýaýran ýeri polýar zolaklarydyr. Bu täsin jandarlar köpelýän we tüýlerini täzeleýän döwründe galyň buzlaryň üstüne ýygnanýarlar.

Bulary bilmek gyzykly...

Gury ýerde — kenarda örän tagaşyksyz hereket etseler-de, suwa girensoň, düwlenleriň haýal-ýagallygyndan nam-nyşan galmaýar we ýüzüş tizligi sagatda 25 kilometrden geçýär. ***

Bulary bilmek gyzykly

DEŇIZ ATLARY Deňizde ýaşaýan jandarlaryň arasynda deňiz atlary täsin keşbi bilen haýrana goýýar. Olar balygyň iňňe şekilliler urugyna degişlidir. Beýleki balyklardan tapawutlylykda, deňiz atlary teňňeler bilen örtülen däldir. Olaryň bedeni süňk gatlagy bilen örtülip, onuň goraýjylyk ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi balygyň bedeniniň süňk örtügi örän berk bolup, ol näçe gysylsa-da döwüljek gümany ýokdur. Bedeniniň şeýle gurluşy deňiz atlaryny ýyrtyjy balyklardan halas edýär. Bu suw jandarlarynyň balyklar ýaly ýüzmän, dikligine hereket etmegi-de geňdir.

Bahar buşlukçysy

Al-ýaşyl lybasa beslenip, sülmüräp, mylaýym şemala ýüzüňi sypap, näzli bakyp, seýkin basyp gelýän pasyllaryň soltany baharyň buşlukçysy garlawaç hoş habaryň, bagtyýarlygyň, umyt-arzuwyň, nesil dowamatynyň nyşany hasaplanylýar. Bu naşyja guşjagaz öý-ojagyň, rysgal-berekediň goragçysy saýylýar. Garlawaç, gumry we kepderi Ýaradanyň iň eý görýän guşy hasaplanylýar. Ata-babalarymyz bu guşlaryň höwürtgesini bozmazlygy ýaşkiçilere çagalygyndan berk sargyt edip gelýär. Edil gumrudyr kepderi ýaly garlawaçlaram ynsan balasyna diýseň ýakyn. Gözel Diýarymyzda keramatly guş saýylýan garlawaçlar öz höwürtgesini kenarlarda, gaýalarda, agaçlaryň köweklerinde, şeýle-de, ýaşaýyş jaýlaryň üçeginde palçykdan gurýarlar. Ene topraga jan girip, tebigat ýaňy oýanyp başladygy bosagaňda jürküldeşip, kalbyňy heýjana salýan petekesi akja, kiçijik garaja guşlaryň höwürtge ýasamagyň aladasynda iki ýana uçuşyny görüp, göwnüň galkynýar. Adama azarsyz bu guşjagazlaryň seniň bilen goňşy bolup ýaşamagy bolsa her bir maşgala agzasyny begendirýär.

Bedene

Bedene towuklar toparynyň käkilikler maşgalasyna girýän kiçijik guşdur. Özem ol bu maşgala girýän perrendeleriň içinde ýeke-täk uçup bilýänidir. Bedenäniň ýelekleri menek-menek bolansoň, ol alaň-açyk meýdanda-da beýle bir saýgardyp baranok, munuň özi ony janyna howp salýan ýagylardan goraýar. Agramy bary-ýogy 150—300 gramdyr. Şonuň üçin türkmen halkynda «Bedene semräp, batmana ýetmez» diýip jaýdar aýdylan nakyl hem bar. Bedene uçmagy başarýan-da bolsa, seýrek halatda uçýar. Tagaşyksyz beden gurluşyna görä, olar uçmaga derek çalt ylganyny kem görmeýär. Özem olar süri bolup ýaşaýar. Ýerde, ösen otlaryň arasynda höwürtgeleýär.

Ak guwlaryň wepasy

Dünýädäki jandarlaryň ençemesiniň hüý-häsiýetleriniň köpüsiniň adamlaryňky bilen gabat gelmegi geň galdyrýar. Bu babatda ak guwlar bilen baglanyşykly käbir täsinlikler barada durup geçeliň. Has ir wagtlardan bäri päk söýginiň, maşgala wepadarlygynyň nyşany hasaplanyp gelýän ak guwlar adamlaryň arasynda halallygyň, ynamyň nyşany hökmünde kabul edilipdir. Olar barada döredilen dürli rowaýatlaryň käbiri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Düýäm — dünýäm

Halkymyzda düýe iň peýdaly jandarlaryň biri hasaplanylýar. Irki döwürlerde rozugärini, durmuşuny düýesi bilen dolandyran pederlerimiziň paýhasyna eýerilip, häzirki günlerimizde hem ildeşlerimiz düýesini dünýesine deňeýärler. Hut şonuň üçinem bize parasatly pederlerimizden miras galan «Düýä haýt diýmek medet», «Düýäni yzyndan tanarlar, adamy — lakamyndan», «Düýe düz diýip geçer, ýigit — gyz diýip», «Düýe gyrda bolsa-da, gözi şorda bolar» diýen nakyllar bu janawaryň bihal däldigini aňladýar. Esasan-da ajaýyp dermanlyk häsiýetine eýe bolan ýandak bilen iýmitlenýän düýe malynyň süýdüniň täsin bejeriji we iýmitlendiriji häsiýete eýe bolmagy tebigydyr. Düýe süýdüniň tebigy ýagdaýda turşamagynyň netijesinde alynýan düýe çaly C we D ýokumlaryna baý bolup, onda ýokumly maddalar sygyr süýdündäkiden üç esse köpdür. Şuňa görä köplenç, keselleriň öňüni alyş, bejergi alýanlaryň iýmitiniň sanawyna bejeriş häsiýetli düýe çalynyň goşulmagy ýöne ýerden däl.

Eldeki guşlar

Häzir bezeg, şeýle hem ýakymly saýraýan owazyndan lezzet almak üçin otag guşlarynyň örän köp görnüşi saklanýar. Azyklyk et we ýumurtga öndürmek, şeýle hem bezeg maksady bilen, tawus, käkilik, hindi ördegi, gaz ýaly guşlaram öý şertlerinde köpeldilýär. Taryhy çeşmeler bilen tanyş bolanyňda, türkmen halkynda hoş owazly hem-de bezeg guşlaryny öý şertlerinde saklamagyň, şonuň ýaly-da awçylyk maksady bilen ýyrtyjy guşlary peýdalanmagyň adaty ýagdaý bolandygyny görmek bolýar. Biz geçmişde öý şertlerinde saklanan guşlaryň käbiri barada maglumat bermek isleýäris.

Serçe

Garagum sährasynda guşlaryň ençeme görnüşine duşmak bolýar. serçe hem giň sähranyň özboluşly bezegidir. Serçeleriň beýleki görnüşlerine garanyňda, serçe reňkiniň, daşky görnüşiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ol süýnmegräk, gara çüňkli, kellesiniň üsti we arkasy çal, gözleriniň töweregi halkaly, bokurdagy gara, aýaklary goýy-goňurdyr. Onuň açyk, garamtyl goňur ganaty 62-72 millimetr, guýrugy 48-60 millimetr, agramy 22-30 gram töweregidir. Serçe oturymly guş, güýzüne we gyşyna göçüp-gonup gezýär. Merkezi Garagumda, aklaň çägeli we ýarym bekän çägelikde ýaşaýar. Höwürtgesini sazagyň, sözeniň, gandymly agajyň üstünde ýa-da öňki taşlanyp giden guşlaryň höwürtgesiniň gatynda gurýar. Aprelde höwürtgeleýär, 3-6 ýumurtga goýýar, maý aýlary jüýjeleýär. Köpelýän wagtlary jübüt bolup höwürtgeleýärler. Ýylda iki gezek köpelýär. Mör-möjekler we otjumak ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýärler. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizilendir.