Gyrmyzy jüptün

4 Iýul 2021
2821

Gyrmyzy jüptün (latynça, Ceyx erithacus) jüptünler maşgalasyna degişli uly bolmadyk guşdur. Bu täsin guş, esasan, Aziýa sebitinde duş gelýär.

Gyrmyzy jüptüniň bedeniniň uzynlygy 14 santimetre golaý. Ganatynyň uzynlygy 8 santimetre çenli bolup bilýär. Kellesi mämişi we gyzyl reňkli bolup, aýratyn öwüşgin berýär. Onuň çüňki we penjeleri gaty güýçli, guýrugy gysga bolýar.

Nury ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar